logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Agriculture /Watan harmanyna 1 million 400 müň tonna bugdaý hasyly tabşyryldy
  11.07.2025
795
Watan harmanyna 1 million 400 müň tonna bugdaý hasyly tabşyryldy

Türkmenistanyň zähmetsöýer gallaçy daýhanlary ýylyň esasy oba hojalyk möwsümini üstünlikli jemläp, Watan harmanyna 1 million 407 müň tonna ýokary hilli bugdaý tabşyrmagy başardylar. Şertnamalaýyn borçnamanyň doly ýerine ýetirilmegi bilen bu üstünlik ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine we oba hojalygynyň durnukly ösüşine uly goşant boldy. Bu waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz ähli gallaçylary we oba hojalyk işgärlerini tüýs ýürekden gutlap, olaryň çekýän halal zähmetine ýokary baha berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde giňişleýin habar berildi.

 

Bugdaý oragy döwründe dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalary öndürijileri bolan «John Deere» hem-de «CLAAS» kompaniýalarynyň häzirki zaman kombaýnlary giňden peýdalanyldy. Uly öndürijilikli tehnikalaryň gije-gündizleýin işledilmegi netijesinde, güýmeniksiz we netijeli orak möwsümi geçirildi. Ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnamakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň orny aýratyn belledildi.

 

Orak möwsüminiň dowamynda ýüzlerçe göçme abatlaýyş-mehaniki toparlar meýdanlarda işleýän mehanizatorlara, sürüjilere we beýleki işgärlere tehniki hyzmatlary ýola goýdy. Olar ýangyç, çalgy serişdeleri we ätiýaçlyk şaýlar bilen yzygiderli üpjün edildi. Şeýle hem meýdan düşelgelerinde zähmetkeşleriň ýaşamagy, dynç almagy we iýmitlenmegi üçin ähli zerur durmuş şertleri döredildi.

 

Ýygylan täze hasyl döwrebap kabul ediş nokatlaryna, ammarlara we elewatorlara tiz we howpsuz daşaldy. Bu nokatlar zerur enjamlar bilen doly enjamlaşdyrylyp, hasylyň saklanyşynyň ýokary hil derejesinde üpjün edilmegi gazanyldy.

 

Şu ýylyň bugdaý oragy üçin ýurdumyzyň gallaçylaryna jemi 690 müň gektar ýer bölünip berildi. Şol ýerlerden 1 million 400 müň tonnadan gowrak ak bugdaý ýygnamak meýilleşdirildi. Welaýatlar boýunça meýilnama şeýle bölündi: Ahal — 400 müň tonna, Mary — 345 müň tonna, Lebap — 310 müň tonna, Daşoguz — 265 müň tonna we Balkan — 80 müň tonna. Bugdaý oragyna Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 4-nji iýunda, Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda badalga berildi.

 

Gallaçylaryň gazanan bu ýeňşi diňe bir oba hojalyk pudagynyň ösüşini däl, eýsem ýurduň ykdysady kuwwatynyň hem yzygiderli ýokarlanýandygyny görkezýär. Türkmenistanyň oba hojalygynda döredilen amatly şertler, döwlet tarapyndan berilýän goldawlar we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy zähmetsöýer daýhanlarymyzyň her ýyl täze sepgitlere ýetmegine ýardam berýär.

Güneş Temriýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby.