logo

Latest news:
✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Dünýä dilleri institutynyň mugallymy halkara bäsleşikde aýratyn üstünlik gazandy ✦ ✦ Sportda iň köp göýberilýän 10 ýalňyşlyk we olardan nädip gaça durmaly ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» malaýziýaly myhmanlary kabul etdi ✦ ✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦
Home / Poetry /WATAN GORAGY MUKADDESDIR!
  30.04.2020
951
WATAN GORAGY MUKADDESDIR!

    Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” ýylynda ýurduň goraglylygy bilen bagly düýpli çäreleri durmuşa geçirip gelýär. Mertlik demi bilen goralan ata Watanymyza, “Watan – biziň  buýsançly şu günümizdir”, mukaddes watanymyzyň goragyny üpjün etmekde mynasyp goşandyňy goşmak, ýüregiňe çäksiz ylham berýär. Watan ähli buýsançlarymyzyň gözbaşy. Watan pederlerimiziň hany-manyna, dünýä malyna deňän mukaddesligi. Halkymyz ata- babalarynyň bu ajaýyp häsiýetini nesillerden nesillere geçirýändigi sebäpli, watansöýjülik halkymyzyň milli terbiýe mekdebiniň özenine öwrülip gidipdir. Şonuň üçin hem iki sany uly yklymyň - Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan asudalygyň we durnuklylygyň gyşarnyksyz utgaşmagy bilen tapawutlanýan döwlet düzgünini kemala getirýär. Halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazanyp, ata-babalarymyzyň arzuwlan ajaýyp eýýamynyň - bagtyýarlyk döwrüniň eýesi boldy. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bolsa pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrdy.

      Halkymyzda «Mertlik ýürekden gaýdýar» diýen aýtgy bar. Hakyky mertligiň bolsa mukaddes Watan goragynda ýüze çykýandygy hemmämize-de mälimdir. Şonuň üçin hem Garaşsyz Diýarymyzda ýaşlaryň Watan goragynda beden we ruhy taýdan kämil bolmaklaryna uly üns berilýär. 

      Bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürmegi bilen ägirt uly işler amala aşyryldy. Watanymyzyň çar künjünde sport merkezleriniň, mekdepleriniň, desgalarynyň, stadionlaryň gurulmagynyň netijesinde, häzirki wagtda ýaş neslimiziň beden taýdan berkligi örän ýokarydyr. Sport bilen meşgullanýan ýaşlar harby gulluga gelenlerinde hem ýörite taýýarlyklary bilen tapawutlanýarlar. Şeýlelikde, olar üçin bu ugurdaky käbir kynçylyklar doly aradan aýrylýar. Bu bolsa olaryň Watana gulluk etmekde, ony goramakda merdanalyk häsiýetiniň aýdyň ýüze çykmagyna getirýär. Beden we ruhy taýdan sagdyn neslimiziň nurana ykbalyny doly gurşap alýan mertlik ýoly, olaryň belent watansöýüjilik duýgusyny joşdurýar.

     Mertlik ýoluna ygrarly ýaş neslimiz merdana pederlerimiziň, dana eždatlarymyzyň hakyky mirasdüşerleridir. Biz hem asuda Watanyň bagtyýar nesilleri hökmünde, ýaş neslimizi mertlik mekdebi, merdanalyk ýoly bilen gurşamak ýaly belent borjumyzy hemişe dogry we doly berjaý etmegiň hujuwy- hyrujy bilen galkynyp ýaşamaly!