Ahal province
logo

Latest news:
✦ 8-nji mart — Halkara zenanlar güni! ✦ ✦ «Diplomatik protokol» okuwynyň jemleri jemlendi ✦ ✦ IFT 2026 maýa goýum forumyna taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanaty ✦ ✦ Aýdym-saz — ynsan kalbynyň syrdaşy ✦ ✦ Raşid Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi ✦ ✦ Kitap — ruhy baýlygyň hazynasy ✦ ✦ Türkmen tebigaty - gözelliginiň nusgasy ✦ ✦ Her penşenbe güni “Ýaşlar güni” bolar! ✦ ✦ 2026-njy ýylyň Oraza aýynda Ahal welaýatynda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde agyz beklenýän we açylýan wagtlar ✦
Home / Poetry /Watan gerçekleri unudylmaýar
  06.05.2020
1042
Watan gerçekleri unudylmaýar

      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halky her ýylyň maý aýynyň 09-na 1941-1945-nji ýyllarвф Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşi baýram edip belleýär.

      1941-1945-nji  ýyllaryň  Beýik Watançylyk urşunda Beýik Ýeňşe ýetmek üçin, beýleki doganlyk halklaryň ogullary bilen bir hatarda türkmen ýigitleriniň hem müňlerçesi şirin janlaryny, gara başlaryny gurban edip, tutuş adamzadyň, şol sanda ata Watanymyzyň azatlygyny goradylar. Biziň şu günki eşretli zamanamyzyň gelmegine, Watan gymmatlygynyň näderejede mukaddesligini duýup, düşünmäge nusgalyk sebäp boldular, gysga ömürlerinde öçmejek yz galdyrdylar. Ýeňşiň gazanylmagyna edermen gerçekler bilen birlikde, tylda galan ýaşuly adamlar, zenanlar, çagalar hem goşant goşdular.  Bu elhenç uruşdan soň näçe ýyllar geçsede, Watan üçin şirin janyny orta goýanlaryň söweş edermenligi, olaryň yzynda maşgala ojagyny saklap galan zenanlaryň zähmet edermenligi hiç haçan unudylmaýar. Şu günki erkana, asuda, bagtyýar durmuşyň hatyrasyna duşmana garşy gazaply söweşlerde janlaryny gurban eden gahrymanlaryň görkezen gaýduwsyzlygy, häzirki we geljekki nesillerimiz üçin mertligiň terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär.  

      Beýik Ýeňşi bagyş eden gerçekleriň diri galyp, Watanyna gaýdyp gelenleri, mukaddes ojaklaryny, döwlet hojalyklaryny dikeltmekde-de gijelerini gündiz edip, päk zähmetiň nusgasyny görkezdiler. Şol päk zähmetiň netijesinde uruşdan soňky sanlyja ýyllarda ýurdumyzyň hojalyklary dikeldilip, ösüş ýoluna düşüldi. Gadymy hem-de müdimi halkymyz taryhda Watan, il-gün üçin şirin janlaryny orta goýan beýik gerçek ogullaryny hakydasynda ömürlik saklaýar, nesiller bolsa şol gerçekleriň bitiren beýik işleriniň öňünde tagzym edýär. Ondan bäri eýýäm 75 ýyl geçipdir. Munuň özi çärýek asyry kem bir asyra golaý wagt diýmekdir. Emma şeýle-de bolsa, şol gazaply ýyllaryň ynsanlaryň kalbynda goýan ajy hasratlary unudylanok. Çünki bu uruş ykballara täsirini ýetirdi, onda kim dogan-garyndaşyndan, kim ýakyn hossaryndan aýra düşdi.

       Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrinde, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň meýdanlarynda söweşen esgerleriň, olaryň yzynda ýar ojagyna wepaly bolup galan kümüş saçly eneleriň, şol ýyllarda tylda zähmet çeken zähmet weteranlarynyň sarpasy belent saklanylýar. Döwlet tarapyndan olara pul görnüşindäki sowagtlar we medallar gowşurylýar.