Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Watan bize miras galan hazyna
  24.01.2020
654
Watan bize miras galan hazyna

      Her gün güneş doganda asuda asmanyň astynda oýanmak bize adat bolupdyr. Bu parahatçylyk ata-babalarmyzyň asyrlar boýy eden arzuwlary. Her hili ýagdaýda-da Watan üçin diýilip çykylan ýoldan türkmen balasynyň yza gaýdany ýokdur. Şu bagtyýar döwrüň hatyrasyna şu topragyň  gan dökülmedik ýeke garyş ýeri galan däldir. Hut şonuň üçinem goraga mätäç däl eziz Watany watan ogullary 24 dört sagadyň dowamlylygynda gorap saklamagy özlerine ynanylan mukaddes borç hasaplaýarlar. Ine häzirki döwürde noýabr aýy esger ýigitleriň belli bir tapgyrlarynyň Watan öňündäki gulluk borçlarynyň tamamlanýan möwsümi. Şeýle duýgyny eýýäm siziň birnäçäňiz başdan geçirip görensiňiz. Agaňmy, iniňmi, jigiňmi, goňşyňmy tapawdy ýok planyň ogly gullukdan gelýä diýilse begençden gözüň ýaşarýa. Gullugy tamamlap gelen ýigit özi ýaly ýa has özünden kiçi oglanjyklaryň ýanynda özüniň öz Watanyny gorap bilýänligine, mukaddes borjyny abraý bilen tamamlanlygyna buýsanýar.Türkmen şeýle habara dolup daşyp toý berýä. Çagajyklar bolsa şo gün esger guşagyny ejizje billerine dakyp basymrak ulalmany arzuw etýäler.Ene- atalaryň özleri hem esger papagyny elinde göterip duran çagajygynyň başyna geýdirip ýylgyrýa. Şol pursat olar içlerinden nämeleri arzuw etmeýärler. Çünki ene-ata kämil çykan oglunyň Harby kasmny kabul edýän gününe arzuw edip ýetýändir. Hatda gyzjagazlaryňam menem geýip görjek diýip höwes edişini synlaňda şu duýgylaryň ýöne ýerden däldigini görkezýär .Ine şeýle pursatlarda watana bolan beýik söýgüniň türkmeniň ganynda barlygyny ýene bir ýola subut edýär. Ýurdyň ösmegi üçin diňe onuň berk goragynyň bolmagy ýeterlik däl. Hut şol maksat bilen ýaşlaryň birnäçeleri medenýet ulgamynda, ylym ulgamynda, oba-hojalyk ulgamynda, dürli ugurlarda özleriniň ukup başarnyklaryny açyp görkezýäler. Adamyň öz tebigy zehininiň esasynda saýlap alan ugrynda bir derejäni gazanmagy watanyň geljegi üçin etýän yhlasydyr. Şol sanda Halypalar bilen ýaş nesiliň belli bir bölegi ýurdymyzyň çägindäki harby ederalarynda zähmet çekýärler. Türkmenistanyň içki we daşky goragy bu ugurda zähmet çekýän raýatlaryň yhlasy bilen galkan goraga eýedir. Watan goragçylary, mert, batyr bolmakda, gaýduwsyz ,erjel bolmakda,bir sözli, zähmetsöýer bolmakda harby kasama Wepaly bolmakda Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçlerimiziň belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhammedowyň göreldesine eýerýärler. Ýöne her bir hünärde “Är işlemez gural işlär” diýen atalar sözüne eýermeli bolýar. Ähli ugurlar bilen bir hatarda Harby üpjinçiligi barada söz açanmyzda bolsa Gahryman Arkadagymyz watan ogullarynyň, azyk üpjinçiligi, düzgün-nyzamy, maddy enjamlaryny üpjinçiligi, ýarglarynyň gurat bolmaklary üçin atalyk aladalaryny edýär. Mundan daşary hem serhet birikmelerinde goragyň zerurlygy sebäpli watan goragçylarynyň belli bir bölegi şäherlerden, obalardan ýagny adam köpçüliginden uzakda ýaşamaly bolýarlar. Harby maşgalalylaryň öz çagalaryny çagalar bagyna gatnamagy üçin, orta bilimini almagy üçin, lukmaçylyk kömeginden peýdalanmagy üçin bir söz bilen aýdanmyzda bolsa ýaşamak üçin gerek bolan ähli mümkinçilikler  ýurdymyzyň çägindäki islendik birikmelerde halk köpçiligine hyzmat etýär. Aýratyn bellenilmeli ýagdaý bolsa tutyş halkyň ykbalyny egine alyp, Döwlet derejesindäki işleri alyp barýanlygyna garamazdan Mähriban Arkadagymyz esgerleriň, halyndan habar alyp, söhbetdeşlik geçmek üçin wagt tapýar. Biz muňa adamkärçiligiň belent nusgasy diýýäris. Köp ugurly zehiniň esasynda Hormatly Arkadagymyz gerçek ýigit üçin gerek bolan gyzyldan gymmatly ündewleri bilen türkmeniň harby ýigitleriniň, watan goragçylarynyň watanyna bolan söýgüsini has hem artdyrýar. Çyn ussatdan sapak almak bu eýýäm ýeňşiň ýarysy, galan ýary öwrenen zadyňy amal etmekdir. Bu bagtyýar döwür, şeýle bolelin durmuş milli Lidermiziň atalyk aladalarynyň ýene biri. Raýatlara zerur bolan islendik bir ýagdaý Gahryman Arkadagymyzyň nazaryndan sypmaýar. Biziň ýurdymyzda, Türkmenistanda her bir janyň rahatlygy üçin ýurt baştutany Mähriban Arkadagymyz gijesini-gündiz edip zähmet çekýär, zähmetsöýjiligiň belent derejesini görkezýär. Şeýle yhlasyň esasynda milýonlap adamlaň  ykbalyna bagtyýarlyk aralaşýar. Özlerine döredilen oňyn şertlerde türkmenistanyň her bir raýaty halal zähmet çekip, bagtyýar günleriň sakasynda duran Gahryman arkadagymyza alkyş aýtýarlar.  Türkmenistan diýip dünýä ady dolan türkmeniň gadymy ýurdynda Milli Lidermiz türkmen ýigitlerine watansöýjiligiň iň ýokary derejesini görkezýär. Bagt özüniň gözbaşyny asudalykdan bilen agzybirlikden alyp gaýtýar. Yna türkmen bu gün agzybirlik bilen asuda ýurtda bagtyýar zamanada ýaşaýar. Alp-Arslanly, Göroglyly, Soltan-Sanjarly, Oguzhanly, Mälik şaly ýaly birnäçe  türkmen gaýduwsyz ýigitleriniň hanlyk eden döwürlerinde türkmenleri şöhrady dünýä ýaýrap ady taryha ýazylypdyr. Yna bu günki gün Arkadagly Watanmyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň taryha altyn harplar bilen ýazyljagyna, şu günki günleriň ýenede müň ýyllyklardanam ýatlanjakllygyna berk ynanýarys.

 

Watana kasam.

 

Döşün geren gerçek ýigdiň,

Jigerinde jansyň watan.

Aýlawa giren bedewiň,
Damarynda gansyň watan,

Azatlyk küýsän türkmene,

Tapdyrmadyk nansyň Watan.

Öýe sary heran haçan,

Alyp gitýän ýolsuň watan.

 

Heňňamlary daşyp gelen

Ýurdysyň oguzlaň watan,

Gözüň görejine deňäp

Gorarlar ogullaň watan.

Ýaşyl tugdan aýry ýerde.

Başymyz egilmez Watan

Men men diýen perilerem

Sen deýin söýülmez watan.

 

Gije diýmän gündiz diýmän

Goralýar dag deňziň watan

Bagtyýar enäň hüwdisi

Aýdymlardan eziz watan.

Agzybirlik gala bize

Syndyrjak ýok heniz watan

Meniň ata babalarmyň,

Watanysyň eziz watan.

 

Arkadaga alkyş aýtýan,

Seýranyňda ýörsem watan.

Ant hemde ygrar taparsyň

Gursagymy dörseň Watan.

Gyz başymyň depesinde

Namyssyň sen arsyň watan.

Janym takga çyksyn meniň.

Gullugyňdan dönsem Watan.