Ata Watanymyzyň mukaddes topragynda bitýän naýbaşy ösümlikleriň biri hem müň bir derde derman bolan üzärlik ösümligi hasaplanýar. Üzärlik ösümliginiň dermanlyk ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy kitabynda hem ýurdymyzyň dermanlyk ösümlikleri barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Munuň özi bolsa Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynyň biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegidigini aýdyňlygy bilen subut edýär. Mälim bolşy ýaly üzärlik oty halk arasynda giňden peýdalanýan melhemlik ot hasaplanýar. Üzärlik otuna halk arasynda adrasman, zäldirik, iswent we tütetgi diýip hem atlandyrylýar. Ene-mamalarymyzyň aýtmaklaryna görä üzärlik oty ýygylanda ilki bilen “Essalawmaleýkum adrasman, bizi size iberdi Omar Osman” diýilip ýygylypdyr. Şeýle-de halk arasynda aýdylýan aýtgylara görä:
-Ilerimiz gülzarlyk.
Gülzarlykda üzärlik.
Bir çogdamdyr dessesi.
Derde derman tüssesi.
Diýmek üzärlik otunyň melhemlik ähmiýeti, gadyr-gymmaty öz aslyny asyrllaryň jümmüşinden alyp gaýdýanlygy biziň hemmämize mälimdir. Üzärlik oty biziň durmuşymyza giňden ornaşdyryldy. Häzirki bagtyýar döwrümizde her bir türkmeniň öý-ojagynda üzärlik otunyň bir dessesi gadymy däp-dessurlarymyza laýyklykda alaja bilen baglanyp asylyp goýulýar. Türkmen täze öý-ojak dikende, öýe täze gelin getirende, täze bäbek dünýä inende üzärlik tüsseledilýär. Bu bolsa biziň milliligimize, däp-dessurlarymyza goýulýan sarpanyň has uludygny ýene bir gezek aýdyňlygy bilen subut edýär. Üzärligiň dänesi hem melhemlik hökmünde giňden ulanylýar. Aprel aýyndan tä güýziň ahyryna çenli ösýän, maý aýynda gülleýän, güýziň ahyryna çenli tohumlaýan üzärlik ösümliginiň boýy 30-35 sm barabar bolýar. Ata-babalarymyz üzärligiň dessesini çogdamlap öýlerinden asypdyrlar, wagtal-wagtal tüsseledip, onuň tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alypdyrlar. Ýurdymyzyň lukmançylygynyň nyşanynda hem üzärligiň şekiliniň ýerleşdirilmegi hem bellärliklidir. Çünki bu dermanlyk ösümlik köp keselleri bejermekde we öňüni almakda giňden ulanylýar. Üzärligiň tüssesi, otundan taýarlanýan melhemler, tohumyndan we gülinden taýarlanylýan dermanlyk peti dürli keselleri bejermekde peýdalanylýar. Dänesinden gaýnadylyp taýarlanan suwy ýarany arassalap, guragyryny bejermekde ähmiýeti uludyr. Tohumyndan taýarlanýan melhem demgysmada we böwrek keselinde giňden ulanylýar. Dänesi hem içagyry we içgeçme keseline dermanlyk hökmünde peýdalanylýar.
Dürli ýokanç keselleriň öňüni almakda giňden peýdalanylýan üzärlik oty maşgala ojaklarymyzda we jemgyýetimizde giňden peýdalanylýar. Umuman aýdylanda sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşaýan bagtyýar halkymyz tebigatymyzyň eçilýän baýlyklaryna uly sarpa goýup ýaşaýarlar.