logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Culture /Umumadamzat paýhasly söz ussady
  22.02.2023
1038
Umumadamzat paýhasly söz ussady

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlary diňe bir halkymyzyň edebi mirasynyň däl, eýsem tutuş Gündogar edebiýatynyň ösmegine hem oňyn täsir etdi. Şahyryň hikmetli setirleri ulus-iliň kalbynda pugta orun aldy. Onuň köp sanly parasatly sözleriniň atalar sözüne öwrülip gitmegini-de halkyň oňa beýik bir akyldar hökmünde garamagy bilen düşündirip bolar.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň halkyň kalbyna, durmuşyna siňip gitmeginiň aňyrsynda döredijiliginiň üsti bilen ýüreklere ýol salandygy baradaky hakykat dur. Biz durmuşda dürli meseleler barada gürrüň açanymyzda, Pyragynyň şygyr setirlerini getirenimizi bilmän galýarys. Döredijilik, edebiýat bilen ýakynlygy bolmadyklaryň hem ol setirleri ýatdan aýdyp oturanyna duş gelmek kyn däldir. Munuň özi şahyryň ylhamyny halkdan alyp, ony şygyr görnüşinde yzyna — halkyň kalbyna gaýtaryp berendiginiň durmuşy hakykatydyr.

Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda türkmene mahsus adamkärçilik häsiýetlerini giňden açyp, ynsan keşbini özboluşly janlandyrýar. Adamda ahlak arassalygyny terbiýelemegi özüniň esasy maksady, borjy hasaplaýan akyldar şeýle ýazýar: 

Belet başlar dogry ýoly çen bile,
Akyl adam söz başlamaz «men» bile.
 

Şahyr türkmene asylly terbiýäniň mahsusdygyny aýtmak bilen, ýaş nesillerimiziň öz pederleri ýaly mert, ar-namysly, süýji sözli, sahawatly, watansöýüji, myhmanparaz bolmaklaryny isläpdir. Şahyr erbetlikleriň sebäbini adamyň içinden gözläp, ony nebis bilen baglaýar hem-de mert kişiniň öz nebsine buýrup bilýän adamdygyny belleýär. Akyldar şahyr nebsi göwne boýun edip, bikemallykdan azat bolmagyň ýoluny salgy berýär. Şeýle şygyrlar kämilligiň her bir ynsanyň öz-özüne bolan gatnaşykdan başlanýandygyny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, nähili ahlak ýörelgeleri bilen ýaşamalydygyny hem salgy berýär.

Magtymguly Pyragynyň şahyrana ussatlygy ondan soňky asyrlarda-da, häzirki döwürde-de belent bolmagynda galýar. Şahyr barada ýazylýan edebi, ylmy, publisistik makalalar giň okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşy alynýar. Beýik akyldaryň taryhy we çeper keşbini açyp görkezýän, onuň ynsan durmuşyndaky ornuny kesgitleýän ylmy işler köp. Ýazyjy-şahyrlarymyz tarapyndan Magtymgulynyň şahsyýetine we edebi mirasyna ýüzlenilmeginiň esasy sebäpleriniň biri-de, onuň könelmez hem egsilmez mirasy bilen baglanyşyklydyr.

 

Nartäç ATAJANOWA,

Hydyr Derýaýew adyndaky 
mugallymçylyk mekdebiniň 
mugallymy.