Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti ✦ ✦ Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk giňeýär ✦ ✦ Sungatda halypa-şägirtlik ýoly ✦ ✦ Türkmenistanda hemişelik Bitaraplyk — parahatçylyk we durnuklylygyň binýady ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýalarynyň häzirki döwürde bilim ulgamynda orny we ösüşi ✦ ✦ Tehnologik ösüş — döwrebap jemgyýetiň sütünidir ✦ ✦ Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew ABŞ-a iş saparyny amala aşyrdy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman aýratynlyklary ✦
Baş sahypa / Medeniýet /ULUGDEPE
  23.02.2023
1098
ULUGDEPE

Çyn-Maçyndan gözbaş alyp gaýdýan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän arheologiki ýadygärliklerimiziň baý taryhy bar. Kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen şeýle ýadygärlikleriň biri hem Ulugdepedir. Bu ýadygärlik hakynda Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly II kitabynda gymmatly maglumatlary beýan edýär.

Ulugdepe ýadygärligi Duşak şäherçesiniň 4 kilometr günortasynda, Kesearkaç degresinde, Kelet çaýynyň sag kenar ýakasynda ýerleşýär. Göwrümi, möçberi, beýikligi uly bolandygy üçin oňa Ulugdepe diýlipdir. Ulugdepäniň tutýan meýdany 30 gektar bolup gurluş taýdan örän üýtgeşik, birmahallar köşgi-eýwanly şäher kysymy bolup, goranyş diwary hem bolupdyr. Goranyş diwarly köşgüň däliziniň düýbüne daşdan düşek düşelip, üsti suwalypdyr. Aşaky gatynda ýerzemin jaýlary bolup, olarda azyk önümleri saklanypdyr. Bu köşgüň galyndylaryny   öwrenýän binagär alymlar aslynda onuň ýerzeminli we iki gatly ymarat bolandygyny çaklaýarlar.

Merkezi köşgüň-galanyň töwerek-daşyny gurşap alýan ýene bir daşky gala diwarynyň we gorag küňreli giň derwezesiniň bolandygy mälim edildi. Bu gurluşyk galyndylary b.e.öňki 1500-1300-nji ýyllara degişlidir.

Ulugdepe irki we ösen bürünç eýýamynda uly bir ýaşaýyş merkezi hökmünde kemala gelipdir, emma bürünç eýýamynyň giçki döwründe ýagny Ulugdepede obalaryň möçberi azalypdyr. Bu ýerde diňe birinji müňýyllygyň birinji birinji ýarymynda ýaşaýyş täzeden ösüp başlaýar. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda belli arheolog W.I.Sarianidi, E.Masimow tarapyndan barlanylyp we  baý medeni gatlakly gymmatly arheologiýa ýadygärligi diýlip ykrar edilen Ulugdepäniň mälim bolmadyk syrlary garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen-fransuz arheologiýa ekspedisiýasy tarapyndan içgin öwrenilýär.

Häzirki döwürde Ulugdepede Pariž uniwersitetiniň professory, Fransiýanyň Milli ylmy-barlaglar merkeziniň esasy hünärmeni Oliwýe Lekontyň  ýolbaşçylygynda fransuz alymlary-arheologlary gazuw-agtaryş işlerini geçirýärler. O.Lekont esasan hem ýadygärligiň bürünç we irki demir asyrlaryna degişli maglumatlary bilen has içgin gyzyklanýar.

Alymyň habar bermegine görä, gazuw-agtaryş işleriniň barşynda Türkmenistanda bürünç we irki demir asyry zamanyna mahsus gadymy şalygyň bolup geçendigine şaýatlyk edýän maglumatlar alnypdyr.  Ylmy öwreniş işleri netijesinde Ulugdepäniň merkezinden ini-boýy 40 metre barabar bolan köşgüň galyndysy ýüze çykaryldy. Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde örän baý medeni gatlaklaryň üsti açyldy. Çukuryň iň aşaky 7-nji gatlagyndan Namazga 6-a degişli külalçylyk önümleri we ondan başgada terrakota önümleri: aýal heýkeljigi, düýäniň kellesi, ýylanyň şekili ýüze çykaryldy. Ýadygärligiň demirgazyk tarapyndan uzynlygy 30 metr, ini 5,5 metr bolan meýdanda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ahemenilerden soňraky giçki  döwürlere degişli maglumatlaryň üsti açyldy.

Biz talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge ylmyň inçe syrlaryny ele almaga giň mümkinçilikler döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik il-ýurt ähmiýetli işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris! 

 

Rahat GARATAÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň talyby.