logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Ukyda wagtyň dil öwrenip bolarmy?
  24.10.2022
1058
Ukyda wagtyň dil öwrenip bolarmy?

Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini öwrenmek möhüm şerte öwrüldi. Dil öwrenmekde girizilen ençeme usullar bolup, her bir adam ony dürlüçe peýdalanýar. Eýsem, ukyda wagtyň dil öwrenip bolarmy? Elbetde häzirlikçe bu barada anyk kesgitleme ýa-da subutnama ýok. Ýöne bu usulyň asyl manysy öwrenen zatlaryň ukyda berkidilýändigi bilen baglanyşykly bolup durýar. Haçanda islendik daşary ýurt dillerini ýa-da haýsy-da bolsa bir zady uklamazdan öň öwrensek, onda öwrenen täze sözlerimiz, maglumatlarymyz beýnimizde uzak wagtlaýyn galmagyna şert döreýär. Emma islendik bir zady öwrenenimizden soňra başga hereketleri ýerine ýetirip fiziki işjeňlikde bolsak, öwrenen maglumatlarymyzyň beýnimizde galmak ähtimallygy hem belli bir derejede peselýär. Bu ýagdaý alymlar tarapyndan ýörite tejribeler, gözegçilikler arkaly subut edilen.

Häzirki wagtda kämil tehnologiýalaryň durmuşymyza çalt depginde ornaşmagy bilen daşary ýurt dillerini öwrenmeklige bolan zerurlyk hem belli bir derejede artýar. Çünki dil öwrenmeklik dünýä çykmagyň baş şerti hasaplanylýar. Bu ugurda ýaşlary dil öwrenmeklige höweslendirmek ýa-da zerur şertleri döretmeklik möhüm görkezijidir. Ýeterlik derejede döredilen şertler, höweslendirmeler bolsa ýaş nesilleri daşary ýurt dillerini öwrenmeklige ruhlandyrýar. 

 

Hudaýberdi ALLAKULYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň2-nji ýyl talyby.