logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Sanly aragatnaşyk - häzirki zaman ösüşiniň binýady
  16.05.2026
255
Sanly aragatnaşyk - häzirki zaman ösüşiniň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Häzirki wagtda telekommunikasiýa ulgamy diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem ykdysady ösüşiň, ylmy-tehniki özgerişleriň we jemgyýetçilik ösüşiniň esasy daýançlarynyň birine öwrüldi.


Telekommunikasiýa ulgamy maglumatlaryň çalt, ygtybarly we ýokary hilli geçirilmegini üpjün edýär. Internet, öýjükli aragatnaşyk, sanly hyzmatlar we maglumat alyş-çalyş ulgamlary häzirki zaman jemgyýetiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu ulgam bilimde, saglygy goraýyşda, bank hyzmatlarynda, döwlet dolandyryşynda hem-de önümçilikde giň mümkinçilikleri döredýär.


Soňky ýyllarda ýurdumyzda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň giňeldilmegi, internet hyzmatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem-de sanly tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bu ugurdaky ösüşleriň aýdyň mysalydyr. Şeýle özgertmeler maglumat giňişliginiň mümkinçiliklerini artdyryp, halkara maglumat ulgamlary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar.


Telekommunikasiýa ulgamynyň ösüşi sanly ykdysadyýetiň hem möhüm şertleriniň biridir. Elektron söwda, sanly bank hyzmatlary, onlaýn okuw platformalary we elektron dolandyryş ulgamlary telekommunikasiýa infrastrukturasynyň esasynda hereket edýär. Şonuň üçin hem bu ulgamyň kämilleşdirilmegi ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönüden-göni täsir edýär.


Häzirki wagtda maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek hem telekommunikasiýa ulgamynyň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. Sanly ulgamlaryň ygtybarly işlemegi maglumatlary goramak, kiberhowpsuzlygy berkitmek we tehnologiýalary netijeli dolandyrmak bilen berk baglanyşyklydyr. Bu bolsa ýokary taýýarlykly hünärmenleriň zerurdygyny görkezýär.


Netijede, telekommunikasiýa ulgamy häzirki zaman ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýji hökmünde çykyş edýär. Bu ugurdaky gazanylýan üstünlikler ýurdumyzyň sanly ösüş ýolunda ynamly öňe barýandygyny, ýaş hünärmenleriň bolsa bu ösüşiň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýdyň görkezýär.

Seýidaly Serdarow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.