logo

Soňky täzelikler:
✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦ ✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hytaýda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder ✦ ✦ «OGT 2026-da» nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminama gol çekildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ugur ― kämillige tarap
  11.11.2022
1240
Ugur ― kämillige tarap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny yzygiderli ösdürmeklige döwlet derejesinde ähmiýet berýär. Dünýäniň ösen ýurtlary bilen bilim ulgamynda sanly aragatnaşyklar ýola goýulýar. Häzirki wagtda bilim ulgamy öňdebaryjy ýurtlaryň derejesine çykarylýar, halkara hyzmatdaşlygy giňeldýär.

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyna, ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Häzirki zaman ösen ylym-bilimden habarly zehinli hünärmenleriň, inženerleriň, tehnologlaryň we alymlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem, bu ugurda kabul edilen resminamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ylym — ösüşiň ruhlandyryjy güýji, ynsan durmuşynyň bezegi, adamzadyň ajaýyp geljegi. Ylmyň ynsan durmuşyny baýlaşdyrmakda, jemgyýeti abadanlaşdyrmakda eýeleýän orny örän ýokarydyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Alymlara uýsaň, açylar gözüň» diýen dürdäne setiri bu aýdylanlary aýdyňlygy bilen subut edýär.

Ýaşlara döwrebap bilim bermek, dünýä edebiýatynyň görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň döredijiligi bilen içgin tanyşdyrmak, türkmen we daşary ýurt edebi gatnaşyklary, dünýä edebiýatynyň hazynasyna giren dürdäne eserleriň türkmen diline terjimeleri barada daşary ýurt dili we edebiýaty hünäri boýunça bilim alýan talyplara giňişleýin düşünje bermek möhüm wezipeleriň biridir. Şu wezipeden ugur alyp, biz hem okuw sapaklarynda alan nazary bilimlerimizi has-da berkitmek üçin kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan mekdeplerde okuw tejribeliklerini geçýäris. Mekdeplere ornaşdyrylan innowasion we sanly tehnologiýalar okatmagyň hiliniň dünýä ölçegleriniň kadalaryna we talaplaryna laýyk gelmegine uly mümkinçilik döredýär.

Biz — ýaşlara şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, umumadamzat bähbitli işleri rowaç bolsun!

Dürli TÄŞLIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.