Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Erasmus+ maglumat güni geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanly agyr atletikaçy Aziýa çempiony boldy ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze suw arassalaýjy desgalar açyldy ✦ ✦ Telemedisina sanly tehnologiýa arkaly hyzmat bermek ✦ ✦ Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar ✦ ✦ Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikeri - tebigatyň şypaly hazynasy ✦ ✦ Günde näçe ädim saglyk üçin peýdaly ✦ ✦ Hajy Bekdaş Weli — şahyrlar piri ✦ ✦ «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň III oýny geçirildi ✦ ✦ Zehin bäsleşigi geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: durnukly ösüşiň milli nusgasy
  01.06.2024
451
Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: durnukly ösüşiň milli nusgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan milli ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. «Türkmenistanyň 2020-2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň maksatnamasyny», «Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasyny» we söwda, ykdysadyýet hem-de maýa goýumlar ulgamlaryna degişli resminamalardan gelip çykýan çäreleri hem-de taslamalary amala aşyrmak boýunça degişli işler yokary depginlerde alnyp barylýar. Bu babatda, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine we ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän oňyn halkara şertleri döretmek, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, iri maýa goýumlaryny ýurdumyza çekmek ýaly wajyp wezipeler has ileri tutulýar.

 

Daşary ykdysady ulgamda alnyp barylýan tagallalar ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryndaky ornunyň duypli pugtalandyrylmagyna, täze bazarlaryň özleşdirilmegine hem-de eksport mümkinçilikleriniň we daşary ýurt maýa goýumlarynyň artdyrylmagyna, türkmen harytlarynyň we hyzmatlarynyň dünýä bazaryna çykarylmagyna, halkara we sebit ykdysady hem-de maliýe guramalarynyň mümkinçilikleriniň doly göwrümde peýdalanylmagyna, şeýle-de dünýäniň ykdysady we maliýe bileleşikleriniň öňünde ýurdumyzyň oňyn abraýynyň kemala getirilmegine gönükdirilyar.

 

Türkmenistan maýa goýumlar babatda hem özüne çekiji ýurt hokmunde tanalyar. Içerki we daşary ýurt maýa goýum işjeň­ligini artdyrmak, ýurduň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmek hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwletimiziň öňe sürýän amatly maýa goýum gurşawyny döretmek ugrundaky başlangyçlaryna halkara reýtinglerde ýokary baha berilýär.

 

Kadyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň Sanly ykdysadyýet we
dolandyryş fakultetiniň mugallymy.