logo

Latest news:
✦ Fizika ylmynyň gazananlary ✦ ✦ «Ýaşyl» himiýa düşünjesi ✦ ✦ Möhüm ähmiýetli dialog ✦ ✦ Rowaçly tutumlaryň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
  09.06.2022
1435
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesilleriň sagdyn durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim-terbiýe almagy, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine:

— Aşgabat şäherindäki Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek barada “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy bilen;

— Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň binasynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek barada “Myhmansöýer” hususy kärhanasy bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Düýpli abatlaýyş işlerine 2022-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we olary 2022-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.