logo

Soňky täzelikler:
✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana sapary başlandy
  21.07.2022
1068
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana sapary başlandy

Şu gün, Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Kul welaýatynyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystana sapar bilen bardy.

Türkmenistanyň Prezidentini Yssyk köl Halkara howa menzilinde Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow garşylady. Bu barada Gyrgyzystanyň milli habarlar agentligi habar berýär.