logo

Latest news:
✦ Fizika ylmynyň gazananlary ✦ ✦ «Ýaşyl» himiýa düşünjesi ✦ ✦ Möhüm ähmiýetli dialog ✦ ✦ Rowaçly tutumlaryň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasyna iki günlük resmi sapary başlady
  14.06.2022
1537
Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasyna iki günlük resmi sapary başlady

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine bardy. Döwlet Baştutanymyzy, Tähran şäheriniň «Mehrabad» Halkara howa menzilinde Eýranyň ýollar we şähergurluşyk ministri Rostam Gasemi kabul etdi.

Saparyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýetleriniň bilelikdäki mejlisi geçiriler we birnäçe resminamalara gol çekiler.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Prezidentiniň bu sapary, döwlet wezipesine girişenden soňra Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrjak ilkinji resmi saparydyr.