logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Politics /Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynda resmi saparda bolar
  13.06.2022
1272
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynda resmi saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynda resmi saparda bolar. Bu barada, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly duşenbe güni geçirilen söhbetdeşligiň barşynda amala aşyryljak resmi sapara görülýän taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gidişini we ileri tutulýan ugurlaryna garadylar.

Sapara taýýarlygyň çäklerinde meseleleriň giň gerimi boýunça ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi üçin iýun aýynyň ahyryna çenli Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasarynyň Türkmenistana saparyny gurnamak barada ylalaşyk gazanyldy. Şeýle hem, şu ýylyň ikinji ýarymynda Er-Riýadda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek barada ylalaşyldy.