Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ 2028-nji ýyl — Halkara hukugy ýylyna taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Türkmen–rus syýasy geňeşmeleri geçirildi ✦ ✦ Türkmen–azerbaýjan hyzmatdaşlygy pugatalanýar ✦ ✦ Türkmen–özbek suw hojalyk hyzmatdaşlygy boýunça mejlis geçirildi ✦ ✦ Arslan Tekaýew “Sessiz awtomatizasiýa” barada çykyş etdi ✦ ✦ Halkara olimpiadalar geçiriler ✦ ✦ FIFA bilermenleri türkmen futbolyna ýokary baha berdiler ✦ ✦ Türkmen-amerikan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Belgiýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦ ✦ Kiçi we orta telekeçilik ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenistanyň milli ykdysady ösüş modeliniň täze tapgyry
  03.01.2026
50
Türkmenistanyň milli ykdysady ösüş modeliniň täze tapgyry

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri Türkmenistan öz ösüş ýolunyň esasy ugurlaryny milli bähbitlerden, halkyň abadançylygyndan we döwletiň uzak möhletli durnuklylygyndan ugur alyp kesgitläp gelýär. Hormatly Arkadagymyzyň binýadyny goýan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän ykdysady syýasaty häzirki wagtda milli ykdysady ösüş modeliniň täze, has kämil tapgyryna geçendigini aýdyň görkezýär. Bu tapgyr diňe ösüş görkezijileriniň artmagy bilen däl-de, eýsem ykdysady pikirlenişiň, dolandyryş çemeleşmeleriniň we ösüş filosofiýasynyň düýpgöter täze derejä çykmagy bilen häsiýetlendirilýär. Türkmenistanyň milli ykdysady ösüş modeli birnäçe esasy ýörelgelere esaslanýar. Ilki bilen, bu model döwlet tarapyndan strategik ugurlaryň berk gözegçilikde saklanmagyny, şol bir wagtyň özünde bolsa hususy pudagyň giň mümkinçiliklere eýe bolmagyny göz öňünde tutýar. Şeýle sazlaşykly çemeleşme ykdysadyýetiň durnuklylygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, bazar gatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrýar.

 

Türkmen ykdysadyýeti daşary ýurt nusgalaryny göçürip almak ýoluna däl-de, eýsem öz taryhy tejribesine, jemgyýetçilik gurluşyna we tebigy mümkinçiliklerine daýanýan özboluşly ösüş ýoluny saýlady. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde diňe mukdar görkezijileriniň däl-de, hil görkezijileriniň hem ileri tutulýandygyny görmek bolýar. Täze tapgyrda esasy üns ykdysadyýetiň diwersifikasiýasyna, ýagny diňe bir tebigy baýlyklara däl-de, senagat, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy we sanly ykdysadyýet ýaly ugurlaryň deň derejede ösdürilmegine gönükdirilýär.

 

Türkmenistanyň milli ykdysady ösüş modeliniň täze tapgyrynyň möhüm aýratynlyklaryndan biri hem döwlet meýilnamalaşdyryşynyň döwrebap derejede alnyp barylmagydyr. Uzak möhletli maksatnamalar, orta möhletli strategiýalar we ýyllyk meýilnamalar biri-biri bilen berk sazlaşykda işlenilýär. Bu bolsa ykdysady ösüşiň tötänleýin däl-de, öňünden hasaplanan, ylmy taýdan esaslandyrylan esasda alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär.

 

Döwlet tarapyndan kabul edilýän maksatnamalar diňe bir ykdysady pudaklary däl, eýsem sosial, ekologik we tehnologik ösüş ugurlaryny hem öz içine alýar. Şeýlelikde, milli ykdysady model toplumlaýyn häsiýete eýe bolýar. Täze tapgyrda hususy pudaga aýratyn ähmiýet berilýär. Telekeçiligi goldamak, kiçi we orta biznesiň ösdürilmegi ykdysady ösüşiň möhüm hereketlendiriji güýçleriniň biri hökmünde çykyş edýär. Döwlet tarapyndan döredilýän ýeňillikler, karz mümkinçilikleri, salgyt syýasatyndaky oýlanyşykly çemeleşmeler hususy başlangyçlaryň ösmegine giň ýol açýar.

 

Hususan-da, ýerli öndürijileriň goldanylmagy, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilmeginiň höweslendirilmegi milli ykdysadyýetiň içerki durnuklylygyny üpjün edýär. Bu ýagdaý daşary ykdysady täsirlere garşy immunitetiň güýçlenmegine hem ýardam berýär. Milli ykdysady ösüşiň täze tapgyry — bu diňe şu günki üstünlikler däl, eýsem geljek nesiller üçin döredilýän berk binýatdyr. Şeýle berk binýadyň üstünde gurlan döwlet bolsa, dünýä giňişliginde hemişe mynasyp ornuny tapar.

 

Arzygül HALLYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.