11-nji ýanwarda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirdi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipelere garaldy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wajyp wezipeler kesgitlenildi.
Hormatly Arkadagymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, häzirki döwrüň ösüşiň zamanasydygyny, durmuşyň bir ýerde durmaýandygyny, yzygiderli ösüp-özgerip barýandygyny belläp, onuň täze kadalardyr ýörelgeler bilen baýlaşýandygyna we öňki garaýyşlaryň üýtgäp, başga many-mazmuna eýe bolýandygyna ünsi çekdi. Şoňa laýyklykda, jemgyýetiň esas goýujy hukuk binýady hem hemişe kämilleşdirilip durulýar. Şeýdip, onuň milli aýratynlyklara, döwletiň ösüş derejesine, halkyň islegine laýyk gelýän kämil görnüşi emele gelýär.
Size mälim bolşy ýaly, biz mundan iki ýyl ozal döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan parlamenti iki palatadan, ýagny Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşine öwürdik. Häzirki döwürde olar öz wezipelerini üstünlikli amala aşyrýar diýip, hormatly Arkadagymyz belledi. Häzirki döwrüň ösüp-özgerip barýandygyny nazara alanyňda, ýurdumyzyň kanun çykaryjy häkimiýet edarasynyň gurluşyny yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurlygynyň ýüze çykýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz döwrüň şu talaplaryndan ugur alynmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şoňa görä-de, halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda döwlet gurluşy babatda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk maslahatlaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, harby meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklibi öňe sürdi.
Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we oňa giň ygtyýarlyklaryň, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, konstitusion kanunlary kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamaga hem-de makullamaga ygtyýarlygyň berilmegi bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işi bes edilýär diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. Şeýlelikde, ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Milli Geňeşi (parlament) bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülse, maksadalaýyk bolar.
Täzeden dörediljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine:
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy;
Türkmenistanyň Prezidenti;
Mejlisiň Başlygy;
Ýokary kazyýetiň başlygy;
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary;
Mejlisiň deputatlary;
Ministrler Kabinetiniň agzalary;
Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy;
Baş prokuror;
adalat ministri;
welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri;
welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary;
etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň hem-de şäherçeleriň arçynlary;
syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary;
welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşulularyň wekilleri girizilse, dogry bolar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlygyna:
1) ýurdumyzyň Konstitusiýasyny we konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak hem-de makullamak;
2) döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna seretmek hem-de makullamak;
3) Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky Ýüzlenmesini diňlemek;
4) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine seretmek;
5) Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak degişli edilip bilner.
Halk Maslahatynyň, onuň wezipeli adamlarynyň hem-de agzalarynyň işini guramaçylyk we tehniki taýdan üpjün etmegi Halk Maslahatynyň Diwany amala aşyrar. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Diwanynyň üstüne welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek wezipesi ýüklense, ýerli halk maslahatlarynyň has netijeli işlemegi üçin amatly bolardy diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.
Halk Maslahatynyň mejlisleri zerurlyga görä, ýöne ýylda azyndan bir gezek onuň Başlygy tarapyndan ýa-da Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň üçden bir böleginiň teklibi boýunça çagyrylýar. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz öňe sürlen teklipler barada maslahata gatnaşýanlaryň pikirleriniň diňlenilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.