logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Science and Education /Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan brifing geçirildi
  01.10.2025
1037
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan brifing geçirildi

2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna, Halk Maslahatynyň geçirilen mejlisiniň netijelerine we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda brifing geçirildi.

 

Çärä daşary ýurt ilçihanalarynyň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şeýle-de Özbegistan Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

 

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Şadurdy Meredow, BMG-niň Özbegistan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sabine Mahl hem-de Merkezi Aziýa Halkara institutynyň direktory Žawlon Wahabow çykyş etdiler.

 

Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent sepgitleri, Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynda ýurdumyzyň alyp barýan parahatsöýüjülikli Bitaraplyk syýasatynynyň çäklerinde öňe süren halkara başlangyçlary, Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan edilen netijeli teklipler hem-de BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleri barada beýan edildi.

 

Hususan-da, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow öz çykyşynda döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramynyň taryhy ähmiýeti hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde hyzmatdaşlygy şeýle hem parahatçylygy pugtalandyrmak syýasatynyň ähmiýeti dogrusynda belledi.

 

Jemşit SÖHBEDOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.