logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Sports /Türkmenistanly zenan emin Günorta-Gündogar Aziýa oýunlarynyň finalynda eminlik etdi
  23.12.2025
593
Türkmenistanly zenan emin Günorta-Gündogar Aziýa oýunlarynyň finalynda eminlik etdi

Günorta-Gündogar Aziýa oýunlarynyň çäginde geçirilen zenanlaryň futbol ýaryşynyň jemleýji duşuşygynda türkmenistanly FIFA derejeli emin Kristina Bersenýowa eminler toparynyň düzüminde çykyş etdi.

 

Ýaryşyň dowamynda birnäçe duşuşykda kömekçi eminiň wezipesini ýerine ýetiren türkmenistanly eminiň görkezen ussatlygyny nazara alan guramaçylar zehinli eminimizi Filippinleriň hem-de Wýetnamyň zenanlar ýygyndy toparlarynyň arasynda geçirilen final oýnunda eminiň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetirmäge ynandylar.

 

Final duşuşygy Tailandyň Çonburi şäherinde geçirildi. Oýun esasy wagtda 0:0 hasaby bilen tamamlandy. Duşuşygyň ykbalyny oýundan soň bellenen 11 metrlik jerime urgulary çözdi. Bu tapgyrda has takyk çykyş eden Filippinleriň zenanlar ýygyndy topary baş baýragy gazandy. Bu duşuşykda awstraliýaly baş emin Rebekka Durkaunyň kömekçileriniň wezipesini Kristina Bersenýowa bilen laosly Çanthawong Phutsawan ýerine ýetirdiler.

 

Bellenilişi ýaly, Kristina Bersenýowa şu ýyldan başlap halkara ýaryşlaryna kömekçi emin hökmünde gatnaşyp gelýär hem-de bu onuň AFK-nyň bäsleşiklerine dördünji gezek çagyrylandygy bellenilmäge mynasypdyr.

 

Türkmenistanly zenan eminiň şeýle ýokary derejeli halkara finalynda eminlik etmegi Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň eminler ulgamyny ösdürmek, milli eminleri dünýä derejesine çykarmak boýunça alyp barýan ulgamlaýyn işleriniň netijesidir. Häzirki wagtda TFF-niň Eminler bölümi ýaş eminler bilen bir hatarda zenan eminleriniň hem tejribesini artdyrmak maksady bilen tapgyrlaýyn işleri durmuşa geçirýär.

 

Ylýas MYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.