logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Türkmenistanda ýaz ekişine taýýarlyk görülýär
  26.01.2023
1295
Türkmenistanda ýaz ekişine taýýarlyk görülýär

Häzirki wagtda welaýatlarymyzda ýerleri ekişe taýýarlamak üçin gerekli enjamlar bilen bilelikde, gowaça ekişinde, ondan soňky döwürde işlediljek oba hojalyk gurallaryny abatlamak işleri dowam edýär.

Ýerleri ekişe taýýarlamak bilen bir hatarda welaýatlaryň we etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda, hojalyklaryň merkezleşdirilen ussahanalarynda jogapkärli möwsümde ulanyljak oba hojalyk gurallarynyň beýleki görnüşleri hem abatlanyldy. Netijede ýer tekizleýjileriň, geriş çekijileriň hyzmatyndan wagtynda peýdalanmaga mümkinçilik döredildi. Dişli boronolar, malalar, çizeller hem taýýar edildi. Bu bolsa gowaça ekişiniň wagtynda we agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirilmegi üçin gerekli tehnikalaryň taýýarlyk hatarynda goýlandygyny aňladýar.

Tehnikalary we oba hojalyk gurallaryny abatlamak üçin gerekli bolan şaýlaryň ýerli hünärmenler tarapyndan taýýarlanylandygyny hem bellemek gerek.

Oba-hojalyk boýunça öz işine ussat kärhanalaryň hünärmenleri traktorlaryň, oba hojalyk gurallarynyň şaýlaryny öndürmek bilen, daýhanlara ýakyndan goldaw berýärler. Bu traktorlaryň we beýleki tehnikalaryň netijeli işledilmegi üçin oňaýly şertleri döredýär. Degerli tagallalaryň netijesinde ýetip gelýän baharda welaýatlar boýunça gowaça ekişi guramaçylykly geçiriler. Bu möhüm möwsümde öňde goýlan wezipeleriň gysga wagtyň içinde we agrotehnikanyň talaplaryna laýyk berjaý edilmegi üçin tehnikalar irgözinden taýýarlanylýar.