Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti ✦ ✦ Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk giňeýär ✦ ✦ Sungatda halypa-şägirtlik ýoly ✦ ✦ Türkmenistanda hemişelik Bitaraplyk — parahatçylyk we durnuklylygyň binýady ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýalarynyň häzirki döwürde bilim ulgamynda orny we ösüşi ✦ ✦ Tehnologik ösüş — döwrebap jemgyýetiň sütünidir ✦ ✦ Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A. Ataýew ABŞ-a iş saparyny amala aşyrdy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman aýratynlyklary ✦
Baş sahypa / Tebigat /Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa maglumaty:
  24.04.2023
780
Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa maglumaty:

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: 

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +37 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +24... +29 gradus maýyl bolar. 

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +18...… +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +31 gradus maýyldan +32... +37 gradus aralygynda yssy bolar. 

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +17 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +26... +31 gradus maýyldan +31... +36 gradus aralygynda yssy bolar. 

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +13... +18 gradusdan +19... +24 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +32 gradus maýyldan +31... +36 gradus aralygynda yssy bolar. 

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +24... +29 gradus maýyldan +29... +34 gradus aralygynda yssy bolar. 

Paýtagtymyz Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 7 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +15... +17 gradusdan +19... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +27... +29 gradus maýyldan +34... +36 gradus aralygynda yssy bolar.