logo

Latest news:
✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦
Home / Culture /Türkmenistanda ilkinji wirtual muzeý öz işine başlady
  14.02.2023
1480
Türkmenistanda ilkinji wirtual muzeý öz işine başlady

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Döwlet medeniýet merkeziniň wirtual muzeýiniň işi ýola goýuldy. Türkmenistanda ilkinji gezek açylan bu wirtual muzeý ýurdumyzyň Döwlet muzeýine degişli bolan gymmatlyklary özünde jemleýär.

Täze açylan wirtual muzeýde suratlary 360 gradus (derejede) hereketlendirip bilýän iň häzirki zaman tehnologik usul ulanylypdyr. Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmek, ähli ulgamlara sanly usullary ornaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan işleriň çäklerinde döredilen wirtual sergi muzeý gymmatlyklary bilen ilaty has amatly usulda tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurduň dürli künjeginde ýaşaýan ýaşaýjylar, şeýle-de dünýä ýurtlaryndaky muzeý gymmatlyklary bilen gyzyklanýanlar wirtual usul arkaly muzeýe syýahat edip, dürli eksponatlar bilen tanşyp bilýärler.

Häzirki wagtda bütin dünýäde wirtual usul örän işjeň ösdürilýär. Olaryň medeniýet we sungat ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylmagy, adamlaryň wagtyny tygşytlamaga, şeýle-de özlerine amatly pursatda muzeýlere gaýybana syýahat etmäge şert döredýär.

Wirtual muzeýler döredilende, esasan-da, dürli derejeli interaktiw we panorama döretmäge mümkinçiligi bolan, 360 gradus (derejeli) hereketi ýola goýup bilýän tehnologiýa uly ähmiýet berilýär. Bu tehnologiýa muzeýiň hil taýdan täze derejä geçmegine täsir edýär. Esasy artykmaçlygy bolsa panoramik şekilleriň üsti bilen, diňe bir muzeýiň sergi zallaryny däl, eýsem, köp sanly maglumatlary özünde jemleýän gaznasy, arhiwleri, taryhy ýadygärlikleri hem synlap bilmek mümkinçiliginiň bolmagydyr. Şeýle hem täsin eserler, köne kartalar, halylar baradaky maglumatlar bilen jikme-jik tanşyp bolýar.

Şeýlelik bilen, türkmen muzeýleriniň milli medeniýeti, sungaty, taryhy, halk senetlerini wagyz etmekdäki ähmiýeti ýokarlanyp, olar öz ösüşiniň sanly tapgyryna gadam basarlar. 

 

Täzegül SAPAROWA, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň uly mugallymy.