logo

Soňky täzelikler:
✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Gurbanlyk baýramy — ynsanperwerligiň we sahawatlylygyň baýramy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Çagalaryň sözleýşini ösdürmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Aziýa ösüş bankynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sanly aragatnaşyk - häzirki zaman ösüşiniň binýady ✦
Baş sahypa / Tebigat /Türkmenistanda howa ýene yssy bolar!
  19.04.2023
895
Türkmenistanda howa ýene yssy bolar!

Türkmenistanda hepdäniň başynda başlanan salkyn howanyň ornuna dynç günlerinde yssy howa geler. Şenbede we ýekşenbede howanyň ortaça temperaturasy +35°C derejä ýeter.

Aşgabatda açyk howa bolar. Gündizlerine +16...+18°C. Hepdäniň ahyrynda +35°C-a çenli. Gijelerine +15°C bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündizlerine +15…+20°C, gijelerine +5…+10°C, hepdäniň ahyrynda +35°C-a çenli, gijelerine +18°C-a çenli bolar.

Balkan welaýatynda esasan açyk howa bolup, gündizlerine +20…+25°C, gijelerine +6…+11°C, dynç günlerinde howanyň temperaturasy +35°C-a çenli gyzar, gijelerine +20°C-a çenli bolar. Ýagşyň ýagmagy mümkin.

Mary welaýatynda howa güneşli. Gündizlerine +13…+18°C, gijelerine +6…+11°C bolar. Dynç günleri howanyň ýagdaýynyň görkezijileriniň +35°C-a çenli ýokarlanmagyna garaşylýar, gijelerine +17°C bolar.

Lebap welaýatynda aram-aram bulutly, gündizlerine +13…+18°C, gijelerine +4…+9°C, dynç günlerinde +35°C, gijelerine +16°C bolar.

Daşoguz welaýatynda esasan bulutly. Gündizlerine +9…+14°C, gijelerine +2…+7°C, dynç günlerinde +33°C-a çenli, gijelerine +15°C-a çenli bolar. Käýerlerde az wagtlaýyn ýagyş ýagmagy mümkin.