Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynda alnyp barylýan özgertmeleriň çäginde ylmyň tutýan ornuny giňeltmek, şeýle-de biologiýanyň we biotehnologiýalaryň üsti bilen ekologik taýdan arassa, energiýa tygşytlaýjy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleri öndürmegiň innowasion tehnologiýalarynyň işlenip düzüliş derejesini çaltlandyrmak, şol sanda biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.