logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Economics /Türkmenistan – Ýewropa: maýa goýum hyzmatdaşlygy giňelýär
  12.10.2025
468
Türkmenistan – Ýewropa: maýa goýum hyzmatdaşlygy giňelýär

2025-nji ýylyň oktýabrynda Brýusselde geçirilen ikinji “Global Gateway 2025” forumyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Mämmetguly Astanagulow ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Forumda dünýä derejesindäki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, durnukly infrastruktura, energetika, ulag, sanly ösüş ýaly ugurlar boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropa maýa goýum bankynyň (EIB) wekilleri bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri, ýurt boýunça ylalaşyk taslamasy we energetika hem-de infrastruktura ugurlarynda maýa goýumlaryny çekmek baradaky mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle hem EIB wekilleriniň Awazada geçirilen LLDC3 maslahatyna gatnaşandygy bellenildi.

 

Forum “Ýewropa toparynyň” (Team Europe) başlangyçlary arkaly Merkezi Aziýada energetika, ulag we “ýaşyl deňiz geçelgeleri” ýaly taslamalara maýa goýumlaryny giňeltmek üçin möhüm platforma boldy. Türkmenistanyň gatnaşmagy bolsa bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda täze mümkinçilikleri açdy.

 

Jumageldi AMANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň uly mugallymy.