logo

Latest news:
✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦
Home / Politics /«Türk­me­nis­tan — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» işe­wür­lik mas­la­ha­ty geçirildi
  27.03.2026
373
«Türk­me­nis­tan — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» işe­wür­lik mas­la­ha­ty geçirildi

Paýtagtymyzda ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda köptaraplaýyn dialogy giňeltmek maksady bilen “Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler” atly işewürlik maslahaty geçirildi. Bu duşuşykda degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň hem-de işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşyp, ýurdumyzyň “Açyk gapylar” syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir gezek görkezdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Maslahatda çykyş edenler hyzmatdaşlygyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk täze usullaryny ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar. Hususan-da, halkara söwda ulgamyna goşulyşmak we milli ykdysadyýeti dünýä standartlaryna laýyk getirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Birinji mejlisde söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, maýa goýum gurşawyny gowulandyrmak, telekeçiligiň hukuk esaslaryny berkitmek hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

 

Çykyşlarda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagynyň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi. Munuň daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde, täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda hem-de ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda möhüm orun tutjakdygy nygtaldy. Şeýle hem halkara bilermenler Merkezi Aziýa sebitiniň ykdysady ösüşi barada seljerme hödürläp, Türkmenistanyň durnukly ösüş depgini bilen halkara giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ornuny pugtalandyrýandygyny aýtdylar.

 

Maslahatyň ikinji mejlisi ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge bagyşlandy. Gatnaşyjylar Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň halkara ulag geçelgelerinde möhüm orun eýeleýändigini bellediler. Şeýle hem gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, sanly logistika çözgütlerini ornaşdyrmak we ulag infrastrukturasyny halkara ulgamlar bilen utgaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýewropanyň maliýe institutlary hem-de ösüş banklary tarapyndan ýurdumyzda täze infrastruktura taslamalaryny goldamaga taýýarlyk beýan edildi.

 

Arslan RAHYMOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.