logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenistan wodorod energetikasyny ösdürýär we halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär
  28.09.2025
959
Türkmenistan wodorod energetikasyny ösdürýär we halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Türkmenistan, ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerine geçiş syýasatyna ygrarlylykda, wodorod energetikasyny işjeň ösdürýär. Bu ugur, pes uglerodly ýangyja geçmek we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça global gün tertibine laýyklykda, Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

 

Aşgabatdaky Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energetikasy boýunça ýörite merkez döredildi. Bu merkezde işler “2022–2023-nji ýyllarda Türkmenistanda wodorod energetikasyny ösdürmegiň ýol kartasy” esasynda alnyp barylýar.

 

Merkeziň alyp baran ylmy-barlaglarynyň netijesinde, suwdan elektroliz arkaly ýaşyl wodorod öndürmek boýunça işler alnyp baryldy. Şeýle-de, tebigy gazdan innowasion plazmohimiki usul bilen wodorod almak boýunça laboratoriýa desgasy döredildi.

 

Tejribe alyşmak we hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistan öňdebaryjy daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. 2022–2023-nji ýyllarda Ýaponiýadaky Sukuba Uniwersiteti, Iwatani we Kawasaki Heavy Ind. kompaniýalary, IAEA we Londonyň Imperial Koleji bilen seminarlar we duşuşyklary geçirildi. Şeýle-de, Merkezde “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň we Energetika ministrliginiň wekilleri üçin yzygiderli hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlary geçirilýär.

 

Hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa saparynyň çäginde, Sukuba Uniwersiteti bilen 2025–2026-njy ýyllar üçin bilelikdäki ylmy barlaglary we okuw maksatnamalary öz içine alýan Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

 

Batyr ORAZOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.