logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Economics /Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen energetika we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi
  10.10.2025
621
Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen energetika we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi

Aşgabat sebitleýin we halkara derejede strategik ähmiýete eýe bolan energetika, ulag we logistika ulgamlarynda iri taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda işjeň hereket edýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitinde çykyş edip aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlar bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Biziň ýurdumyz özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de olaryň mazmunyny baýlaşdyrmak ugrunda tutanýerli tagalla edýär. Bu gatnaşyklaryň binýady deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar».

 

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz energetika, ulag, logistika we aragatnaşyk ýaly ugurlarda halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň alyp barýan işleriniň bu maksatlara ýetmegiň möhüm guralydygyny aýratyn belledi.

 

Türkmenistanyň bu ugurlardaky başlangyçlary sebitiň durnukly ösüşine, özara baglanyşykly ulag ulgamynyň kämilleşdirilmegine hem-de täze ykdysady mümkinçilikleriň döremegine gönükdirilendir.

 

Maýa GURDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.