logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / In the world /Türkmenistan MEMORIAD-2024-de ilkinji gatnaşygyny edýär
  10.11.2024
678
Türkmenistan MEMORIAD-2024-de ilkinji gatnaşygyny edýär

Türkmenistan ilkinji gezek 4-11-nji noýabr aralygynda Dubaý şäherinde geçirilýän MEMORIAD-2024 Mental sporty boýunça Bütindünýä olimpiadasyna gatnaşýar. Bu abraýly bäsleşige ýurdumyzyň adyndan «Kämil Bilim», «Bilim Ýoly» we «Altyn göreç» bilim merkezlerinde Anzan Mega Mental maksatnamasy boýunça bilim alýan mekdep okuwçylary wekilçilik ederler.


Bäsleşige dünýäniň 60-dan gowrak ýurdundan 150-den gowrak zehinli okuwçy gatnaşýar. Türkmenistandan bolsa olimpiada düzüminde 17 gatnaşyjy we 2 resmi wekil bolan topar gatnaşýar. Olar bäş ugur boýunça: mental senenama, Anzan fleş-marafony, ýatdan goşmak, ýatdan köpeltmek (8x8) we ýatdan dereje köki çykarmak (6 belgili sanlar) bäsleşiklerinde öz ukyp-başarnyklaryny görkezerler.


MEMORIAD olimpiadasy 2006-njy ýylda döredilip, mental sportuň dürli görnüşlerini öz içine alýan dünýä derejesindäki ýaryşlaryň biridir. Ilkinji MEMORIAD 2008-nji ýylda Stambulda geçirilipdi we şondan bäri Olimpiýa oýunlaryna meňzeş görnüşde her dört ýyldan bir gezek guralýar. Soňky bäsleşik 2016-njy ýylda Las-Wegasda geçirilipdi, emma 2020-nji ýylda meýilleşdirilen olimpiada COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýatyrylypdy.


Türkmenistanda MEMORIAD Mental sport federasiýasynyň resmi wekili we olimpiadanyň eminler toparynyň agzasy hökmünde «Kämil Bilim» hususy kärhanasynyň müdiriniň orunbasary Döwletmyrat Durdymämmedow çykyş edýär. Şeýle hem olimpiadanyň dowamynda Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleriniň gatnaşmagynda täze dünýä rekordlaryny goýmak synanyşyklary meýilleşdirilýär.