Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertler pudagyň ösüşine täze itergi berýär. Ekin meýdanlarynda öndürilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa türkmen önümleriniň daşary ýurt bazarlarynda uly islege eýe bolmagy bolsa milli agrosenagat toplumynyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli artýandygyny görkezýär.
Soňky ýyllarda oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmaga, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler öz oňyn netijesini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen binýady goýlan oba hojalyk özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze mazmun bilen dowam etdirilýär. Bu işleriň esasy maksady ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, içerki bazary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek we türkmen oba hojalyk önümleriniň eksport mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr.
Bir wagtlar esasan bugdaýyň we pagtanyň önümçiligine ýöriteleşdirilen milli agrosenagat toplumy häzirki wagtda gök önümleriň, miweleriň dürli görnüşleriniň we taýýar azyk önümleriniň önümçiligini hem-de daşary ýurtlara eksportyny giňeldýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi ýylyň ähli paslynda önüm öndürmäge mümkinçilik döredip, ilatyň azyk önümlerine bolan isleginiň kanagatlandyrylmagyna möhüm goşant goşýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orunlaryň birini eýelemegi hem bu ugurdaky mümkinçilikleriň giňdigini aýdyň görkezýär. Ýurdumyz ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän pomidor eksportyny ýyl-ýyldan artdyrýar. Esasy daşary ýurt bazarlaryna Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan we Belarus degişlidir. Ýurtdaky hususy telekeçiler we hojalyklar müňlerçe tonna önümleri daşary ýurtlara iberýärler.
Ýyladyşhana hojalyklarynda gidroponika ýaly innowasion usullaryň ulanylmagy hem möhüm netijeleri berýär. Bu tehnologiýa suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak bilen bir hatarda, önümçiligiň depginini ýokarlandyrmaga we bir ýylyň dowamynda birnäçe gezek hasyl almaga şert döredýär. «Akylly» tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy arkaly ekinleriň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmek, hasyly öňünden çaklamak, ösümlik kesellerini irki döwürde ýüze çykarmak we dökünleriň zerur möçberini kesgitlemek mümkin bolýar.
Agrosenagat toplumynyň ösüşinde maliýe taýdan goldawlaryň hem aýratyn ähmiýeti bar. Döwlet tarapyndan oba hojalyk öndürijilerine ýeňillikli şertlerde karz serişdeleriniň berilmegi önümçiligi döwrebaplaşdyrmaga giň mümkinçilik döredýär. Ýyllyk 1 göterimden 5 göterime çenli möçberlerde 10 ýyla çenli möhlet bilen berilýän karzlar oba hojalyk tehnikalaryny we ýokary hasylly tohumlary satyn almaga, ýerleriň suw üpjünçiligini gowulandyrmaga, şeýle hem azyk önümlerini gaýtadan işleýän önümçilik desgalaryny gurmaga gönükdirilýär.
Şeýle amatly mümkinçilikler bilen bir hatarda, häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biri suw serişdelerinden rejeli peýdalanmakdyr. Türkmen işewürleri we oba hojalyk öndürijileri bu ugurda döwrebap çözgütlere ýüzlenip, damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny giňden ornaşdyrýarlar. Awtomatlaşdyrylan damjalaýyn suwaryş tehnologiýalary suwy ösümligiň gös-göni kök ulgamyna ýetirmäge, suw ýitgilerini azaltmaga we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek hem häzirki wagtda pudagyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülýär. Ýetişdirilýän miweleriň we gök önümleriň diňe çig mal hökmünde däl-de, dürli görnüşli taýýar önümler hökmünde bazara çykarylmagy ykdysady taýdan has netijeli bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde, milli önümçiligiň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi türkmen haryt nyşanlarynyň içerki we daşarky bazarlardaky ornuny berkitmäge ýardam edýär.
Şeýlelikde, häzirki döwürde türkmen agrosenagat toplumynda gazanylýan netijeler döwlet goldawy, ylmy çemeleşmeler, döwrebap tehnologiýalar we oba hojalyk işgärleriniň yhlasly zähmetiniň utgaşmagynyň aýdyň netijesidir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän özgertmeler milli oba hojalygynyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga, ýokary hilli önümleriň önümçiligini we eksportyny giňeltmäge möhüm esas döredýär.
Amanmyrat Ýaryýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy