Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan TÜRKSOÝ-yň maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat öz işine başlady ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak Bitaraplygymyzyň aýdyň ýoly ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby neşir edildi ✦ ✦ Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Amarant ösümligi we onuň peýdasy ✦ ✦ “Bitaraplyk – parahatçylyk mukamy” atly dabaraly konsert geçirildi ✦ ✦ Ýokary tizlikli internet infrastrukturasynyň ösdürilmegi we telekommunikasiýa ulgamynyň netijeliligi ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 11–13 dekabr günleri dynç günleri diýip yglan edildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenistan bol hassyllylygyň mekany
  13.07.2021
560
Türkmenistan bol hassyllylygyň mekany

   Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere üns berýändigi, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýokary derejeli ýaşaýşy we öndürijilikli zähmeti ugrunda zerur şertler döredilýär.

    Türkmen gallaçylary Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän ýylynda uly zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ekerançylygyň hasyllylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, şu ýyl bol bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirdiler.

   Gallaçylarymyzyň durmuşynda dowam edýän gyzgalaňly orak möwsüminde iş depginleri gün-günden ýokarlanýar. Şonuň netijesinde bolsa döwlete galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirýän etraplaryň sany barha artýar.

     Döwletimiz oba hojalyk işgärlerine hemmetaraplaýyn goldaw berýär, olaryň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän döwrebap, kuwwatly tehnikalar, ýokary hilli tohumçylyk serişdeleri we mineral dökünler bilen üpjün edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklaýar.

      Milli maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, obalar, şol sanda ýurdumyzyň iň çetki sebitleri tanalmaz derejede özgerdi. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde her ýylda durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurlup, ulanmaga berilýär. Wajyp senagat toplumlary, medeni-durmuş düzümine degişli desgalar, saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralar, stadionlar, döwrebap sport toplumlary, täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary yzygiderli bina edilýär.

      Oba zähmetkeşleri alada jogap hökmünde täze zähmet ýeňişleri we üstünlikleri bilen Watanymyzyň ykdysady taýdan pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Oba hojalygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler oňyn netijesini berýär. Ýurdumyzyň gündogar sebitinde güýzlük bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Tutuş möwsümiň dowamynda bugdaý meýdanlaryna yhlasly ideg edildi. Ekin meýdanlaryna ýeterlik mukdarda mineral we organiki dökünler berildi. Ähli möhüm agrotehniki çäreler alym agronomlaryň maslahatlary esasynda ýerine ýetirildi.

    «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda edermen daýhanlarymyz yhlasly zähmetleri bilen bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Olar Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak däne tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

    Oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge milli Liderimiziň aýratyn ähmiýet berýändigini bellemek gerek. Bu ulgama uly möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär, bu bolsa welaýatlaryň ýokary depginlerde ösdürilmegine, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine we umuman, döwletimiziň ykdysady abadançylygynyň, ilatyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berer.

     Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläk rowaçlyklara beslensin.