Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Türkmeniň naýbaşy gymmatlygy
  14.02.2023
2485
Türkmeniň naýbaşy gymmatlygy

Köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, nesillerimize arkama-arka geçip gelýän keçeler halkymyzyň ajaýyp sungat eserleriniň biridir. Türkmen keçeleriniň gözelligi, nepisligi, göze ýakymlylygy halkymyzyň gözellige bolan belent hyjuwyny alamatlandyrýar. Gelin-gyzlarymyz keçeleriň düýp keçe, böwür keçe, ojakbaşy ýaly görnüşlerini, serpikleri, üzükleri, durluklary taýýarlapdyrlar.

Keçä başlanylanda sähetli gün saýlanylypdyr. Ene-mamalarymyzdan gelýän däbe eýerilip, keçe başlananda keçeçilere: «Gülüň owadan!» diýip, ýüzlenilipdir. Olar hem: «Ömrüň owadan, zyýat bolsun!» diýip, ýagşy dileg edip, jogap beripdirler. Keçäniň we keçe önümleriniň köp görnüşiniň bolşy ýaly, olara salynýan nagyşlar hem dürli-dürlüdir. «Ak gaş», «bäş örüm», «kerpiç», «tumar», «goçanak», «eňek», «sekiz keşde», «ikigyra», «dörtgyra», «altygyra», «siňirme», «jamy», «tilkiguýruk», «errediş», «bowursak», «zynjyr», «goçak», «gelinbarmak», «arabatgir», «ak tüýnük», «gözenek», «gülýaýdy», «daragt», «öküz oňurga», «Äşe»... ýaly ajaýyp nagyşlar ene-mamalarymyzdan miras galan gadymy nusgalardyr.

Keçe üçin, esasan, güýz ýüňi ulanylýar. Ýaz ýüňi bolsa keçäni güllemek üçin gerek. Güýz ýüňüniň tapawutly tarapy, ol ýaz ýüňüne garanyňda gowy girýär. Ýaz ýüňünden keçe taýýarlanylanda oňa köp zähmet siňdirmeli bolýar. Şeýle-de bolsa, ýaz ýüňi süýümleriniň uzynlygy, sütükliligi bilen güýz ýüňünden tapawutlanýar. Saýylan ak ýüňüň bir bölegi keçä gül, alaja salmak üçin alynýar we dürli reňklere boýalýar. Nagyşly keçelerde, esasan, gyzyl, sary, ýaşyl, gök reňkler köp ulanylýar. Keçäniň gyra-garasy üçin gara ýüň hem-de az-owlak geçiniň çöpüri ulanylýar. Keçäni nagyşlamak üçin gamşyň (keçe gamşynyň) ýüzüne şekili geçirilip, olaryň aralary reňklenen ýüňler bilen doldurylýar. Keçe nagyşlananda, köplenç, onuň gyrasyna «alaja», «sary içýan» nagyşlary salynýar.

Keçe gamşynyň üstünde täze keçäniň nagyşlary doly nagyşlanyp gutarylandan soň, olaryň üsti tutuşlygyna birmeňzeş goýun ýüňi bilen örtülip, ýüzlenilýär. Soňra keçe gamşy endigan towlanyp düýrülýär we onuň dört ýerinden pugta daňylýar. Şeýle hem keçe gamşy iki tarapyna ýüp uçlary çykar ýaly edip halkalanýar. Keçe gamşy ýüp uçlaryndan tutulyp, ikiýana togalanylýar. Keçe ýaplygar ýaly gamşyň uzaboýuna ýyly suw guýup, iki sagada golaý togalanylýar. Ony näçe köp togalasaň, şonça-da gowy çykýar. Soňra keçe inine hem boýuna togalanyp basylýar. Keçäni togalap, dowamly gowy bassaň, ol şonça-da berkäp gataýar we uzak wagt ulandyrýar. Soňra ol güne serlip guradylýar.

Gülli, nagyşly keçeler her bir türkmen öýüni-ojagyny bezeýär. Olar toýlarymyzyň bezegi bolan ak öýlerimiziň, täze jaýlarymyzyň bezegi. Milli mirasymyzy öwrenmäge, täzeçe öwüşgin berip, ýaş nesillerimize ýetirmäge, öwretmäge giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun! 

 

Safiýe SULTANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.