Türkmen halkynyň her bir hojalygynda kişňäp duran gamyşgulak bedewine garaýşy ata-enäniň mähriban perzendine, ynsanyň eziz topragyna, ata Watanyna söýgüsi ýaly buýsançlydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, şeýle hem atşynaslaryň netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenilip geçilýär.
Türkmen halkynyň «Gadamy batly bedew» atly kitabynda: «Çyn bedewler meýdanynda bellidir», «Atdyr ýigidiň ýoldaşy», «At ýigidiň myrady» diýen setirleri hakynda ata-babalarymyz özboluşly bir dünýäni görüpdirler. Munuň özi gaýratlylygyň, halallygyň, mertligiň, maksada okgunlylygyň synmaz aýdymy bolup, taryh gatlaryna ýazylypdyr. Durmuşyň ýaşaýşyň dowamynda kemala getiren kadalary, ahlak ölçeg birlikleri şeýle ahwalatlaryň ynsan ykbalyna gatnaşmagyndan düzülendir. Şeýle gatnaşyk türkmen bedewiniň ömür gaýtalanmajak şöhratyny jahana ýaýýar diýip belleýär. Özünde deňsiz-taýsyz gözelligi jemleýän, ynsan ýaly syzmagy başarýan ahalteke bedewlerini ýetişdirmegiň inçe syrlaryny halkymyz nesilden-nesle geçip, biziň günlerimize ýetirdi. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk türkmen bedewleri, diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem bütin dünýäde uly şan-şöhrata eýedir. Halkymyzyň ynsan ýaly duýgur, dost ýaly wepadar bedewlere bolan söýgüsi çäksizdir.
2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, atçylyk sportuny ösdürmegiň mümkinçilikleriniň hukuk binýady pugtalandyryldy. Kanun atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Ol Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genofondyny gorap saklamaga gönükdirilendir. Şeýle hem atlaryň ösdürilip ýetişdirilen, köpeldilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Atçylyk sportunda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak hem-de ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny mundan beýläk-de belende galdyrmak, atly sporty kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirmek yzygiderli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan döwrebap atçylyk-sport toplumlarynda at çapyşyklaryny, atly sport oýunlaryny hem-de atlaryň päsgelçiliklerden bökmek boýunça ýaryşlaryny geçirmek hem asylly däbe öwrülýär.
Atly gezelençler adamyň özüni duýşuna we ruhubelentligine oňyn täsir edýär. Türkmen halky at bilen bagry badaşan halkdyr. Şol sebäpli halk arasynda at bilen baglanyşykly nakyllar, atalar sözleri döräpdir. «At agynan ýerde toý bolar», «Atym bar — ganatym bar» diýlişi ýaly, ahalteke bedewlerimiz biziň gündelik durmuşymyza doly ornaşdy.
Her bir halkyň orny, onuň dünýä medeniýetine goşan goşandy, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen kesgitlenýär. Biziň halkymyz hem asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döredip bilen halk. Şol maddy gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwün hoşy, şowly günde baş ýoldaşy, gözelligiň göwher gaşy bolan behişdi bedewlerimizdir. Gözellikde, ýyndamlykda, çydamlylykda, wepadarlykda öçmejek yz goýan, aýlawlarymyzyň, toý-dabaralarymyzyň bezegi, halkymyzyň milli buýsanjy bolan bedewlerimiz bu günki gün uly şan-şöhrata eýedir.