Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen ýaş tennisçileri Manamada geçirilen sebit ýaryşynda öňdebaryjy oruny eýelediler ✦ ✦ Bahar - ýaşlygyň we ýaşaýşyň pasly ✦ ✦ Moskwada ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Ýaşlar bilen zähmet bazarynda üstünlik gazanmak boýunça duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Geodeziýa boýunça V internet-olimpiada geçirilýär ✦ ✦ Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Halkara hukugynyň ýylyna taýýarlyk boýunça ilkinji maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmen kinosynyň wekilleri Ankara şäherinde geçirilen halkara medeni dabarada sylaglandy ✦ ✦ Ženewada BMG-niň ÝYK-niň Içerki ulag boýunça komitetiniň 88-nji mejlisi öz işine başlady ✦ ✦ Indoneziýanyň Türkmenistandaky Ilçisi resmi wezipesine girişdi ✦
Baş sahypa / Sport /Türkmen ýaş tennisçileri Manamada geçirilen sebit ýaryşynda öňdebaryjy oruny eýelediler
  25.02.2026
16
Türkmen ýaş tennisçileri Manamada geçirilen sebit ýaryşynda öňdebaryjy oruny eýelediler

Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde 14 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça geçirilen Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýaş türgenleri ýokary netijeleri görkezdi. 13 döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen halkara ýaryşynda türkmen tennisçileri birnäçe ugur boýunça çempionlyk derejelerine mynasyp boldy. 

 

Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) meýilnamasyna girýän «ITF Asia 14&U Development Championships» bäsleşigi iki hepde dowam edip, ýaş türgenler üçin abraýly sebit ýaryşlarynyň biri hasaplanýar. Bu ýaryşyň netijeleri geljekde geçiriljek iri halkara ýetginjekler turnirlerine saýlama mümkinçilik berýär.

 

Ýekelikdäki duşuşyklarda türkmen tennisçisi Näzli Hudaýgulyýewa ýokary derejeli oýun ussatlygyny görkezip, ol ýaryşyň iki tapgyrynda hem ýeňiji bolup, birnäçe güýçli garşydaşlary ýeňip geçmegi başardy. Aýgytly duşuşyklarda görkezilen takyk oýun hem-de durnukly çykyş onuň umumy çempion bolmagyna şert döretdi.

 

Jübütleýin oýunlarda hem türkmen topary üstünlik gazanyp, Näzli Hudaýgulyýewa we Sülgün Işangulyýewa bilelikde çykyş edip, final duşuşyklarynda garşydaşlaryny ýeňip, çempionlygyň eýesi boldy. Şeýlelikde, türkmen tennisçileri ýaryşyň dowamynda birnäçe altyn medaly gazanmagy başardylar.

 

Netijede, iki hepdelik ýaryşlaryň dowamynda gazanylan üstünlikler ýaş türgenleriň halkara derejesindäki başarnygyny görkezdi. Häzirki wagtda 13 ýaşly tennisçi Aziýa boýunça ýaşlar reýtinginde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär we çempionatyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

«ITF Asia 14&U Development Championships» — Aziýanyň dürli sebitlerini öz içine alýan möhüm saýlama bäsleşik bolup, onuň ýeňijileri geljekde geçiriljek halkara ýetginjekler turnirlerinde çykyş etmek mümkinçiligine eýe bolýarlar. Şeýle ýaryşlar ýaş türgenleriň tejribe toplamagynda hem-de halkara sport giňişligine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

 

Manamada gazanylan bu üstünlikler Türkmenistanyň sport ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijelidigini görkezýär, şeýle ýeňişler ýaşlaryň sporta bolan gyzyklanmasyny artdyrmak bilen bir hatarda, milli tennis mekdebiniň mümkinçilikleriniň hem ýokarydygyny tassyklaýar.