logo

Soňky täzelikler:
✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦ ✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hytaýda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder ✦ ✦ «OGT 2026-da» nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminama gol çekildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmen wekiliýeti BOMCA-10 maksatnamasynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdy
  09.09.2025
1524
Türkmen wekiliýeti BOMCA-10 maksatnamasynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 3–5-nji sentýabry aralygynda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasynyň (BOMCA-10) jemleýji çäreleri geçirildi. Oňa ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň wekilleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Okuw merkeziniň müdiriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşdy.

 

2021-nji ýylyň aprelinden 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli durmuşa geçirilen BOMCA-10 maksatnamasynyň esasy ugurlary serhet dolandyryşyny kämilleşdirmek, kanuny söwdany ýeňilleşdirmek, serhetüsti hyzmatdaşlygy ösdürmek we serhetýaka sebitleriň ilatynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen baglanyşykly boldy.

 

4-nji sentýabrda maksatnamanyň goldawy bilen döredilen Gyrgyzystanyň Serhet gullugynyň Seljeriş merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi.

 

5-nji sentýabrda bolsa Bişkekde «Şeraton» myhmanhanasynda maksatnamanyň jemleýji maslahaty bolup, onuň netijeleri seljerildi we indiki — 11-nji tapgyrynyň ileri tutuljak ugurlary kesgitlenildi. Türkmenistanyň wekiliýeti serhetleri dolandyrmak, hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça toplanan tejribesini paýlaşdy.

 

Seýran Begaliýew,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.