logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Economics /Türkmen telekeçileri “Gulfood 2026” halkara sergisine gatnaşar
  25.01.2026
414
Türkmen telekeçileri “Gulfood 2026” halkara sergisine gatnaşar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 26–30-njy ýanwar aralygynda geçiriljek “Gulfood 2026” halkara sergisine Türkmenistanyň birnäçe iri kompaniýalary — “Asly”, “Erem”, “Miwe” we “Tudana” gatnaşar. Bu barada serginiň resmi web sahypasynda maglumat ýerleşdirildi.

 

Bu halkara çäre azyk senagaty ulgamyndaky täzeçil çözgütleri, ekologik taýdan durnukly önümçilik usullaryny hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny tanyşdyrmak maksady bilen dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerini we täze brendlerini bir ýere jemleýär.

 

Serginiň çäginde alkagolsyz içgiler, süýt we et önümleri, däneli hem-de kösükli ekinler, ýag önümleri, dürli halklaryň milli tagamlary, şeýle-de sagdyn we berhiz iýmitler üçin niýetlenen tematik pawilýonlar guralar.

 

Şu ýyl “Gulfood” sergisine 130 müňden gowrak myhmanyň gelmegine garaşylýar. Çärä dünýäniň 130-dan gowrak ýurdundan 6 müň 500-den fazla kompaniýa gatnaşar.

 

“Gulfood” azyk we içgi senagaty, şeýle hem myhmanhana-restoran ulgamy üçin enjamlary hödürleýän sebitdäki iň uly halkara sergileriň biri bolup, her ýyl dürli ýurtlardan hünärmenleri we işewürleri özüne çekýär.

 

Möwlamberdi Kürraýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.