logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / In the world /Türkmen talyby «Türki halklaryň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy
  26.11.2024
867
Türkmen talyby «Türki halklaryň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Dawut Döwletow Gazagystanda geçirilen abraýly bäsleşikde «Türki halklaryň iň gowy talyby» diýen ada mynasyp boldy. Bu bäsleşik Gazagystanyň «Bilim-orkenieti» atly milli innowasion ylmy-barlag merkezi tarapyndan guralyp, türki halklaryň ýurtlaryndan gelen zehinli ýaşlary özünde jemledi.


Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi maglumatlaryna görä, Dawut Döwletow bäsleşige ýokary derejede taýýarlykly gatnaşdy. Onuň hödürlän materiallary sport, döredijilik we ylym ugurlarynda gazanan üstünliklerini öz içine aldy. Eminler topary Dawudyň dzýudo we jiu-jitsu boýunça sport ýaryşlarynda gazanan diplomlaryna, poeziýa eserlerine, şeýle hem döwlet we halkara derejesindäki bäsleşiklerde eýelän medallaryna ýokary baha berdiler.


Ýeňşinden soň, Dawut Döwletow duýgularyny şeýle beýan etdi:
«Meniň üçin Türkmenistanyň adyndan çykyş etmek uly hormat. Bu ýeňiş meniň çeken zähmetimiň miwesi, maşgalamyň, mugallymlarym we dostlarymyň goldawynyň netijesidir» diýip, ol belleýär.


Türkmen talyplarynyň halkara derejede üstünlik gazanmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýokary derejesiniň we ýaşlaryň zehininiň aýdyň subutnamasydyr.