Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦ ✦ "Dalaşgär-2025" interaktiw platforma işe girizildi ✦ ✦ Zenan mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik sergisi geçirildi ✦ ✦ Dalaşgärler üçin açyk we sanly maglumat portaly işe girizildi ✦ ✦ Ýokary okuw jaýlaryna girmekde täze sanly mümkinçilik ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Türkmen suratkeşleri Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygyna gatnaşdy
  04.06.2025
253
Türkmen suratkeşleri Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygyna gatnaşdy

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan döwletimiz bilen daşary döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary has-da berkeýär.


2025-nji ýylyň 24-nji maýy – 1-nji iýuny aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Şekillendiriş sungaty fakultetiniň Nakgaşçylyk kafedrasynyň mugallymy Gahryman Goçmyradow hem-de Binagärlik we dizaýn fakultetiniň Dizaýn kafedrasynyň mugallymy Amanmyrat Modyýew Türkiýe Respublikasynyň Erzurum şäheriniň 2025-nji ýylda türki dünýäniň syýahatçylyk paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2025-nji ýylyň 25-31-nji maýy aralygynda Erzurum şäherinde geçirilen Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygyna öz eserleri bilen gatnaşdylar.


Sungat adamzadyň döredijilik zähmetini şekillendirip bilmek ukybydyr: Suratkeşiň daş töweregini, ony gurşap alýan hakykatyň keşbini suratlandyranda şöhlelendirýän sungatdyr. Şekillendiriş sungaty dünýäniň, adamlaryň, haýwanlaryň we ösümlik dünýäsiniň şekilini suratlandyrýar, jemgyýetiň we her bir adamyň durmuşyny, olaryň pikirini, arzuwlaryny we duýgularyny şöhlelendirýär. Şu ugurdan nusga alan ussat suratkeşlerimiz hem Türki dünýäsiniň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygynda özleriniň ýiti zehininden dörän eserlerini sergilediler. Olar gözel tebigaty, ýaşaýyş durmuşy, beýikli-pesli daglary, owadan bedewleri, ak gara bürenen gyş paslyny, günüň dogşuny, ýangyn alowlaryny, öküz uruşlaryny, gymmatly taryhy ýadygärlikleri wasp edýän hem-de portret eserleri ýaly nakgaş we dizaýn işlerini ussatlyk bilen işläp, sergide tomaşaçylara ýetirdiler.


Her bir eser öz döwrüniň, öz halkynyň, syýahatçylykda bolsa daşary ýurtlaryň ýaşaýyş durmuşyny, ruhuny açyp görkezýär. Zehinli, ukyply, işjanly mugallymlar giň dünýägaraýşy, baý döredijiligi bilen geljekde türkmen suratkeşleriniň arasynda abraýly orun aljagy şübhesizdir. Olaryň döredijilik eserleri talyp ýaşlarda ylham çeşmesi bolup hyzmat eder.


Çemen ANNAMURADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy