Aşgabat, 2024-nji ýylyň 29-njy oktýabry — Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministriniň orunbasary Konstantin Mogilewskiý bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda, iki ýurduň ýokary bilim ugrundaky hyzmatdaşlygyny ösdürmek, tejribe alyşmak we bilelikdäki uniwersitet döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu uniwersitet halkara standartlaryna laýyk hünärmen taýýarlamak üçin meýilleşdirilýär.
Türkmenistan, Russiýanyň talyplaryny noýabrda geçiriljek halkara himiýa ders bäsleşigine çagyrdy. Şeýle hem, Russiýanyň "Prioritet 2030" we "Öňdebaryjy inženerçilik mekdepleri" ýaly maksatnamalaryndan türkmen hünärmenleriniň öwrenmegine mümkinçilikler göz öňünde tutulýar.
Duşuşykda taraplar, uzak möhletleýin bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardyklaryny nygtadylar.
Allakulyýew Daýanç
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby