logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty
  06.07.2020
1040
Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty

    Halkymyzyň müňýyllyklarynyň dowamynda umumyadamzat durmuşynyň ösüp-özgermegi, öňe ilerlemegi üçin mynasyp işleri alyp baranlygy taryhdan bellidir. Ata-babalarymyz ýaşaýyş-durmuş medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan Milli medeniýetimiziň kämillige eýe bolmagy üçin, alyp baran işlerine ser salanyňda taryhy medeniýetimiz, aýdym-saz gurallarymyz, milli lybaslarymyz, milli sungatymyz buýsanç bilen ýatlamak bolar. Halkymyzyň durmuşynda uly orun eýelän Türkmen milli medeniýeti bilen bagly Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýünde “Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty” ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda Ahal welaýatynyň Medeniýet müdirliginiň döredijilik işgärleri G.Ýazmämmedow, A.Atajanow, R.Hudaýberdiýew we Ak bugdaý etrap medeniýet bölüminiň “Dürdäne” folklor topary hem gatnaşdylar. Olar döwlet derejesinde hem-de Ahal welaýatyň çäginde geçirilýän medeni-köpçülik çärelere we toýdyr baýramlara özleriniň täze eserleri bilen çykyş edip gelýärler. Bu döredijilik duşuşykda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyryýet güni mynasybetli bulara hem Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän 2020-nji ýylda olaryň belent sepgitleri eýelejekdiklerine we bu çäräniň döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrjakdygyna ynam bildirdiler. “Çekseň zähmet-ýagar rehnet” diýen ýörelgelerinden ugur alýan Gahryman Arkadagymyzyň halal zähmet, çyn yhlas barada aýdýan dürdäne pikirleriniň müň kerem mamladygyna ýene-de bir gezek göz ýetirýändiklerini belleýärler. Medeniýet işgärleri hem ýürek owazlaryny, buýsançlaryny döredýän täze-täze aýdymdyr-sazlaryny hem-de tans eserlerini teleýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirýärler.

       Medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu döredijilik duşuşygy halkymyza ruhy lezzet paýlady. Şeýle-de, Pursatdan peýdalanyp, medeniýet we sungat işgärlerine döretmäge zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!