logo

Latest news:
✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦
Home / Culture /«Türkmen keşdeçilik sungaty» - ÝUNESKO-nyň sanawynda
  10.12.2022
1673
«Türkmen keşdeçilik sungaty» - ÝUNESKO-nyň sanawynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir şanly wakasy taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmen halkynyň milli mirasynyň ajaýyp medeni gymmatlyklaryndan biri bolan «Türkmen keşdeçilik sungatynyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar kalbymyza buýsanç bolup doldy. Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen gutlady. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýar. Bu ýörelge Watanymyzyň döwlet syýasatynyň we daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan el işlerini synlanyňda, siňdirilen yhlasa, irginsiz zähmete göz ýetirmek bolýar. Halkymyzyň däp-dessurlaryny açyp görkezýän çeper el hünärleri taryhyň dowamynda pähim-paýhas eleginden geçirilip döredilen ajaýyp eserlerdir. Dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşan gyz-gelinlerimiziň el hünäri bolan keşdeçilik sungaty gadymy milli mirasymyzyň biri hasaplanylyp, köýnekleriň ýakasyna, ýeňlerine, kürtelere, çyrpylara, tahýalara hem-de erkek adamlaryň köýnekleriniň ýakalaryna salnan keşdeler işeňňirligi, sabyrlylygy talap edýär. Bu el hünäri ajaýyplygy, gözelligi bilen tapawutlanýan sungatdyr.

Nagyşlarda halkyň ruhy dünýäsiniň gadymy ynançlary, milli ýol-ýörelgeleri, bagt, saglyk, dowamat hakdaky arzuwlary jemlenendir. Şoňa görä-de, nagyşlary bir gezek synlan adam bu reňbe-reň älemiň jadyly dünýäsinden daşlaşyp bilmeýär. Bu jadyly dünýäni tutuşlygyna görmek isleýän islendik ynsanyň durmuşa çykýan gyzyň toý lybaslaryna ser salmagy ýeterlikdir. Ösüp gelýän ýaş nesillere terbiýe bermekde ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklaryna üns bermek, gadymy däp-dessurlarymyzy goldamak, kanunlarymyzy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwrebap ýagdaýa getirmek işleri dowam etdirilýär. 

 

Dinara JABBAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.