logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Culture /Türkmen bedewi milli buýsanjymyzyň nyşany
  21.01.2026
385
Türkmen bedewi milli buýsanjymyzyň nyşany

Gözelligi bilen dünýäni haýrana goýýan, çydamlylygy bilen taplanan we wepalylygy bilen taryha giren türkmen bedewleri dünýä atçylyk sungatynyň täjidir. Gadymy döwürlerden bäri dünýä hökümdarlarynyň we meşhur serkerdeleriň arzuwy bolan bu bedewler, şu günki günde döwletimiziň aýratyn üns merkezinde saklanýar. Ýurdumyzda döwrebap atçylyk toplumlarynyň gurluşygy, seleksiýa işleriniň halkara kadalaryna laýyk getirilmegi we atçylyk sportunyň rowaçlanmagy bedewe goýulýan sarpanyň belentdigini subut edýär.

Häzirki wagtda atçylyk medeniýeti diňe bir taryhy gymmatlyk däl, eýsem ylmyň we döwrebap ösüşleriň hem esasy ugurlarynyň biridir. Aýratyn-da, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, döwletimiziň bedewlere berýän bahasynyň täze bir derejesidir.

Halkymyzyň medeniýetinde atlara bolan sarpa öňden bäri saklanyp galypdyr. Ata-babalarymyzyň "Irden turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy" diýmegi ýöne ýerden däldir.

Şonuň üçin bedew at türkmen halky üçin diňe bir buýsanç däl, eýsem geljege tarap okgunly gadam urýan ýurdumyzyň ruhy daýanjydyr. Ol biziň dünýä ýüzündäki abraýymyzy belende göterýän, nesilleriň arasyndaky dowamatlylygy üpjün edýän gymmatly mirasymyzdyr.

Bägül JORAÝEWA,
Halkara senagatçylar we
telekeçiler uniwersitetiniň talyby.