logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmen–azerbaýjan hyzmatdaşlygy pugatalanýar
  02.02.2026
546
Türkmen–azerbaýjan hyzmatdaşlygy pugatalanýar

Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gurbanmämmet Elýasow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi, Prezident Diwanynyň Daşary syýasat meseleleri boýunça bölüminiň müdiri Hikmet Hajiýew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýtynda habar berildi.

 

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Taraplar 2025-nji ýylyň jemlerine ýokary baha berip, ony türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynda täze ösüş tapgyry hökmünde häsiýetlendirdiler. Geçen ýylyň ýokary derejedäki saparlar we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň işjeňleşmegi bilen tapawutlanandygy bellenildi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň netijesinde gatnaşyklaryň doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýändigi nygtaldy. Energetika, ulag, şol sanda Orta geçelge, söwda we medeni ugurlarda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylandygy bellenildi.

 

Şeýle-de, 2026-njy ýylda Türkmenistanda we Azerbaýjanda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreler boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda 2026-njy ýylyň güýzünde Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji Konsultatiw duşuşygyna aýratyn ähmiýet berildi. Azerbaýjanyň bu formata ilkinji gezek doly hukukly agza hökmünde gatnaşmagynyň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly goşant boljakdygy nygtaldy.

 

Sahymyrat GELDIÝEW,

Halkara senagatçylar we telekeçiler
uniwersitetiniň talyby.