logo

Latest news:
✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦
Home / Society /Türkmen alabaýy – Halkymyzyň syrdaşy
  30.10.2019
1146
Türkmen alabaýy – Halkymyzyň syrdaşy

     Türkmen halkynyň öz aslyny gadymy tarahymyzdan alyp gaýdýan milli gymmatlyklarmyzyň biri hem türkmen Alabaýydyr. Türkmen alabaýy özüniň owadan, berdaşly syraty, özüniň çydamlylygy, mertligi, söweşde özüniň gaýduwsyzlygy bilen tanalýar. Türkmen halky alabaý itini örän gadymy döwürde-de edil ahalteke bedewi ýaly özüniň iň ýakyn syrdaşy, dosty hasaplapdyrlar. Häzirki wagtda Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde türkmen alabaý itlerine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň 13-ne türkmen halkyna peşgeş beren “Türkmen alabaýy” atly kitaby hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu kitapda türkmen alabaýynyň taryhy, onuň özboluşly aýratyn häsiýetleri, ata-babalarmyzyň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda alabaý itlerini nähili ýetişdirendikleri, olary şol döwürde çopanlaryň milli gymmatlygymyz bolan saryja goýunlaryny goramakda, sürä abanýan howplardan, möjeklerden goramakda uly ýardamçy bolandygy, watanymyzyň mukaddes araçägini goramakda peýdalanylandygy hakynda, türkmen alabaýynyň merdanalygy wepadarlygy hakynda gadymy taryhymyzdan alnan ençeme maglumatlar jemlenipdir.

    Bu kitabyň çykmagy bilen Hormatly Prezidentimiziň täze ýazan “Türkmen alabaýy” goşgusyny hem halkymyza sowgat etmegi türkmen alabaý itlerine goýulýan çäksiz sarpadan nyşandyr.