logo

Latest news:
✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦
Home / Culture /Türkmen alabaý itlerini ýetişdirmek sungaty ÝUNESKO-nyň sanawyna dalaş edýär!
  23.02.2023
1795
Türkmen alabaý itlerini ýetişdirmek sungaty ÝUNESKO-nyň sanawyna dalaş edýär!

Gadymdan gelýän halkymyzyň durmuşynda türkmen alabaý itleri möhüm orny eýeleýär. Şonuň üçin halkymyz öz bäş müň ýyllyk taryhynda bu tohum itlere aýratyn sarpa goýupdyr, olary höwes bilen ýetişdiripdir. Türkmen alabaý iti biziň köp sanly milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz özüniň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Alabaý — biziň milli buýsanjymyz. Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip belleýär.

Halkymyz pederlerimizden gelýän gadymy itşynaslyk däplerine uly hormat-sarpa goýýar hem-de türkmen alabaýlarynyň tohumyny has-da kämilleşdirmek babatda ajaýyp işleri durmuşa geçirýär. Täze taryhy döwrümizde Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň döredilmegi, ýurdumyzyň sebitlerinde türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk-seçgiçilik işi we olary saklap köpeltmek üçin binalar toplumlarynyň gurluşygyna ähmiýetiň berilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Hä­zir­ki wagt­da türk­men ala­ba­ýy dün­ýä­de meş­hur to­hum­la­ryň bi­ri­dir. Ýur­du­my­zyň seç­gi­çi­le­ri­niň alyp bar­ýan iş­le­ri hem-de ala­ba­ýyň aras­sa gan­ly­ly­gy­ny sak­la­ma­gyň ne­ti­je­sin­de, ol bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li özü­niň asyl keş­bi­ni sak­lap gel­di. Türk­men ala­baý it­le­ri dün­ýä­niň go­rag­çy to­hum it­le­ri­niň ha­ta­ryn­da öň­dä­ki or­ny eýe­le­ýär we Gahryman Arkadagymyzyň bel­leý­şi ýa­ly, ala­baý­la­ryň ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri­ni hem ýi­tir­mez­li­gi üçin ola­ry di­ňe hü­när de­re­je­sin­de kö­pelt­mek ze­rur­dyr.

Bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­ga äh­mi­ýet­li orun be­ril­ýär. Hu­su­san-da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­sy – ÝU­NES­KO we beý­le­ki iri gu­ra­ma­lar, şol san­da da­şa­ry ýurt­la­ryň as­so­sia­si­ýa­la­ry, şeý­le hem dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­rin­den ýu­ri­dik şahs­lar we hu­su­sy it­şy­nas­lar bi­len uzak möh­let­li hyz­mat­daş­lyk ýo­la go­ýul­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na türk­men hal­ky­nyň aja­ýyp däp­le­ri­ni gi­riz­mek bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ala­baý to­hum it­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek işi hem bar. 

 

Aýbek TAJYÝEW, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.