Asly nurdan dörän türkmen halkynyň her bir dogýan güni özüniň täsirliligi bilen tapawutlanýar. Günlerimiz toýlara, şanly senelere beslenip gelýär. Bitaraplyk baýramynyň bellenilýän günleriniň öňisyrasynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Mekan köçesiniň ugrunda 1 sany 4 gatly 40 öýli ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. “Türkmenistan-rowaçlygyň Watany” ýylynda bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş, durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen gurlup ulanylmaga berlen bu döwrebap ýaşaýyş jaýy kalby buýsançdan doly halkymyza baýramçylyk sowgady boldy. Bu günki geçirilen açylyş dabarasyna bagtyýar raýatlarymyz, il sylagly ýaşulylar, mährem eneler, bilim işgärleri gatnaşdylar. Elleri duz-çörekli, öz ýurdymyzda öndürilýän nazy-nygmatlar bilen doldurylan podnosly milli eşikli gyzlar dabara gatnaşýan myhmanlara hödür-kerem etdiler. Sahnanyň döwrebap nusgada bezelmegi dabara özboluşly bir aýratynlyk berdi. Medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen bu açylyş dabarasy aýratyn bir many-mazmuna eýe boldy. Dabaranyň geçirilýän ýeriniň daş-töwereginde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri birkemsiz ýerine ýetirildi. Gurluşygy alyp baran “Gerçek ýaşlar” hojalyk jemgyýetiniň tapawutlanyp işlän ussat gurluşykçylaryna gymmat bahaly sowgatlar we ter gül çemenleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Binanyň gurluşygyny alyp baran kärhana 2000 sany dürli reňkli şarlaryň uçurylmagyny gazandylar. Dabara gatnaşan il sylagly ýaşulylaryň, mährem eneleriň, bilim işgärleriniň eden çykyşlary halk köpçüliginde aýratyn täsir galdyrdy. Ähli amatly şertleri bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny alan maşgalalardan 6 sanysyna dabaraly ýagdaýda ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. Täze jaý alan maşgalalara Hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Lukmançylyk hyzmatlary we jemgyýetçilik tertip-düzgüni berk ýola goýuldy.
Umuman aýdylanda bu günki geçirilen açylyş dabarasy uly üstinliklere beslenip geçdi.