logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /TOHU-nyň talyplary eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdylar
  10.03.2026
457
TOHU-nyň talyplary eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdylar

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Eksportyň esaslary: kärhanalar halkara bazarlaryna nähili çykýarlar” atly açyk sapak geçirildi. Bu duşuşyk ýaşlaryň telekeçilik ukyplaryny ösdürmek, olaryň halkara söwda gatnaşyklary baradaky düşünjelerini giňeltmek hem-de eksport mümkinçilikleri boýunça giňişleýin maglumat bermek maksady bilen guraldy.

 

Açyk sapakda satyş boýunça bilermen Azat Annadurdyýew çykyş edip, häzirki wagtda kärhanalaryň daşary ýurt bazarlaryna çykmagynyň möhüm ugurlary barada gürrüň berdi. Ol eksport işiniň esasy ýörelgeleri, daşary ýurt bazarlaryny öwrenmegiň usullary hem-de önümleriň halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň şertleri barada maglumat berdi.

 

Duşuşygyň dowamynda global söwda giňişligindäki mümkinçilikler, eksport strategiýalaryny taýýarlamagyň aýratynlyklary we kärhanalaryň daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýollary barada hem durlup geçildi. Şeýle-de çykyşda eksport işinde marketing strategiýalarynyň, bazar seljermeleriniň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

 

Açyk sapagyň dowamynda talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan soraglaryny berip, eksport işini guramak we halkara bazarlarynda üstünlik gazanmak boýunça peýdaly maslahatlary aldylar. Şeýle duşuşyklaryň ýaşlaryň ykdysady bilim derejesini ýokarlandyrmaga hem-de olaryň telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmäge itergi berýändigi nygtaldy.

 

Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanynda “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi bilelikde gurady.