logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /TOHU-da ylmy taslama bäsleşigi geçirildi
  12.11.2022
1524
TOHU-da ylmy taslama bäsleşigi geçirildi

Şenbe güni S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba-hojalyk uniwersitetinde Hasyl toýy mynasybetli «Ylymly ýaşlar — döwletimiziň geljegi» atly ylmy taslamalaryň sergi bäsleşigi geçirildi. Bu barada Orient habar berýär.

 

Daşky gurşawy goragyna, ekologiýa medeniýetine we "ýaşyl" endiklere bagyşlanan sergi bäsleşigine ýurduň 12 ýokary okuw mekdeplerinden 54 taslama bilen talyplar we ýaş mugallymlardan ybarat toparlar gatnaşdy.   Iki tapgyrda geçen sergi-bäsleşiginde S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba-hojalyk uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň, Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýaş alymlary öňe saýlandy. Ýeňijiler guramaçylar tarapyndan sylaglandyryldy.

 

Bu giň gerimli çäräniň Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny, ekologiýa arassaçylygyny, oba-hojalyk innowasiýalaryny mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşmagyna garaşylýar.

 

Gültäç Agamyradowa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby