logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦
Home / Science and Education /TITUKI-de talyplaryň fizika we ekologiýa boýunça açyk internet olimpiadasy geçirilýär
  13.11.2022
1517
TITUKI-de talyplaryň fizika we ekologiýa boýunça açyk internet olimpiadasy geçirilýär

Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty ýokary okuw mekdepleriniň arasynda fizika we ekologiýa dersleri boýunça Açyk Internet olimpiadasyny geçirer.

 

Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 2022-nji ýylyň noýabr aýynyň 29-30-na Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda "Fizika"( fizika hünärinden başgalar) we "Ekologiýa"( ekologiýa hünärinden başgalar), dersleri boýunça IV Açyk İnternet olimpiadasyny geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar.

Bu olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýänler ýokary okuw mekdebi tarapyndan gerekli maglumatlary(talybyň ady, familiýasy, okaýan ýokary okuw mekdebi, okaýan ýyly we hünäri) tituki.olimpiada.2022@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly.

 

Bäsleşik barlag testi görnüşde bölüp, sanly ulgam arkaly geçiriler. "Fizika" dersi boýunça fizikanyň ähli ugurlaryndan saýlanan 10 mesele hödürlenip, ony çözmek üçin 3 sagat (180 minut) wagt berler. "Ekologiýa" dersinden umumy (nazary) we maly ekologiýanyň ähli bölümleri boýunça 90 sany test soragy berlip, ýumuşlary çözmek üçin 3 sagat( 180 minut) wagt kesgitlener.

 

Internet olimpiadanyň dersler boýunça ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.

 

Internet olimpiadanyň meselelerini adaty däl ýol bilen çözen talyp aýratyn diplom we gymmat bahaly sylag bilen sylaglanýar.

 

Kadyrmyrat ÖWEZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
 Halkara gatnaşyklary institutynyň
 Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby