logo

Latest news:
✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦
Home / Sports /TEJENLI PÄLWANLAR ÝEŇIŞ GAZANDY
  24.11.2019
1005
TEJENLI PÄLWANLAR ÝEŇIŞ GAZANDY

    Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherindäki 350 orunlyk sport mekdebinde türkmen milli göreşi boýunça ýaryş geçirildi. Oňa ozal Ahal welaýatynyň gündogar we günbatar sebit etraplaryndan agramlarynyň dürli görnüşleri boýunça birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolan pälwanlar gatnaşdylar. Ahal welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi tarapyndan gurnalan bu ýaryş diýseň çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ahal welaýatynyň 2004-2005-nji ýyllarda doglan ýetginjeklerniiň arasynda türkmen milli göreşi boýunça welaýatyň birinjiligi ugrundaky geçirilen bu ýaryşda tejenli pälwanlara hem baýrakly orunlara düşmek başartdy. Ýaryşda 39 kg. agramda Baýgeldi Saryýew 1-nji orna, ýene şol agramda Hekim Nurberdiýew 2-nji orna, 42 kg. agramda Şatlyk Durdygulyýew 1-nji orna, 68 kg. agramda Allaberdi Allamyradow 1-nji orna mynasyp boldylar hem-de ony gurnaýjylaryň baýraklaryny aldylar. Şeýle-de, welaýatyň beýleki etraplaryndan dürli agramlarda ýaryşa gatnaşyp ýeňiş gazanan pälwanlar hem baýraklara mynasyp boldylar.

         Ýaryşda 1-nji orny eýelän türgenler türkmen milli göreşi boýunça geçiriljek ýaryşyň döwlet derejesine gatnaşmaga hukuk gazandylar.